BIZNES

Beýik Britaniýa bilen söwda gatnaşyklary pugtalandyrylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň arasynda söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Esasan «JCB Sales Limited» kompaniýasynyň wekillerinden ybarat bolan britan wekiliýetine Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösüş depginine oňyn baha berdiler. Türkmen tarapy üçin ýörite tehnikalaryň we enjamlaryň getirilmegine gyzyklanma bildirýän «JCB Sales Limited» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagy gepleşikleriň esasy temasy boldy.

Şonuň ýaly-da, maýa goýum meseleleri hem-de bilelikdäki taslamalaryň beýleki ugurlary dogrusynda hem pikirler alşyldy.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri