Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljek 2024-nji ýylynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi watandaşlarymyzyň her biriniň göwnüni galkyndyrýar. Bu şygar üstümizdäki ýylymyzyň taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boljakdygyna şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de ýylyň şygaryndan ugur alnyp geçirilýän çärelere ildeşlerimiz uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar.
Gahryman Arkadagymyz Magtymgulynyň şahsyýetine uly hormat goýup, özüniň atalyk kitaplarynda Magtymguly Pyraga bolan çuňňur garaýyşlaryny beýan edýär we öňe sürülýän pikirlerde şahyryň pähim-parasadyna ýüzlenilýär.
«Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň atlary akyldar şahyryň şahyrana setirlerinden nusga alýar. Iki eserde hem Magtymguly Pyragynyň pähim-parasadyna uly orun berilýär. Eserleriň gahrymanlarynyň çeper keşpleriniň doly açylyp görkezilmeginde akyldar şahyryň beýik ideýalary möhüm ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň 2014-nji ýylda çapdan çykan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda Magtymgulynyň taryhy hyzmatlaryna, onuň şahyrlyk şahsyýetine, ene dilimizi, edebiýatymyzy ösdürmekde eden işlerine ýokary baha berilýär. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk senesi-de şol işleriň dowamydyr. Häzirki günde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwletli işlerde-de akyldar şahyryň beýik ideýalaryna uly orun degişlidir.
Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň arzuw-isleginiň akyldar şahyryň şygyrlarynda beýanyny tapandygy hakda aýdyp, şeýle belleýär: «Ata-babalarymyzyň isleg-arzuwy Magtymguly akyldaryň «Berkarar döwlet islärin» diýen setirinde ýaşaýar».
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy sazlaşygy we durmuş beýany pederlerimiziň arzuw-islegleriniň wysalydyr. Hut şeýle bolansoň, bu aýratynlyk, milli duýgy nesil terbiýesinde düýpli orun alypdyr. Şonuň üçin-de Magtymgulynyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, mertlik-gaýratlylyk, zähmetsöýerlik babatdaky öwüt-ündewleri şu günümizde-de gymmatlydyr.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara abraýyny has-da beýgeltmek, ony giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýokary ynsanperwer garaýyşlary bilen umumadamzat hazynasyna ägirt uly goşandyny goşan şahyryň döredijiliginde gozgalýan meseleler häzirki döwürde hem umumadamzat derejesinde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigine ünsi çekdi. Tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ähli medeniýetli adamzadyň ýatlaýandygyny we oňa hormat goýýandygyny belledi.
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizildi. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Magtymgulynyň şygyrlary dürli ýyllarda dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip gelinýär.
Ulus-ilimizi ajaýyp zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslesin!
Muhabbet Döwletowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.