Gelip çykyşy taýyndan köküni, ýasalyşy taýyndan gözbaşyny hut “ÖZÜNDEN” alýan, has dogrusy, “SÖZDEN” alýan SÖZLÜGIŇ durmuşymyzdaky hyzmaty diýseň uludyr. Aslynda, sözlük gije-gündiz, ýaltanman-ýadaman sözöwreniş sapagyny berýän tejribeli mugallyma meňzär.
Sözlükçilik, sözlük düzmek işi iň agyr we hysyrdysy köp bolan işleriň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin bolsa gerek, sözlükçilik işini “iňňe bilen guýy gazmak” diýen durnukly aňlatma meňzedýärler.
Ynha, ýene bir sözlük: “Iňlisçe-Türkmençe Makul Sözlük”. Turuwbaşdan, türkmenleriň gadymdan gelýän gutlag sözüne eýerip, oňa “Höwri köp bolsun!”, “Dowamy gelsin!” diýen dileg bilen başlamaklygy ýerlikli hasapladyk.
Türkmen sözlükçiliginiň hataryna täze goşulan “Iňlisçe-Türkmençe Makul Sözlügi” taýýarlaýanlary (aýratynam Dr. Döwran Orazgylyjowy we onuň toparyny) tüýs ýürekden gutlaýaryn. Olara geljekde-de uly üstünlikler arzuw edýärin.
Türkmen sözlükçiliginiň taryhy gaty irki döwürlerden başlanýar. Bilşiňiz ýaly, türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň esasynda Mahmyt Kaşgarlynyň gadymy “Diwany Lugat-at Türk” diýen uly sözlügi ýatýar. Bu sözlük gadymy we naýbaşy nusgalarymyzyň biridir. Munuň bilen baglanyşykly dilçi alym Sapar Ahally 1958-nji ýylda türkmen dili deňeşdirip, türkmen dil biliminde sözlük bilen baglanyşykly ilkinji ylmy işleriň birini ýazypdy.
Döwür özgerýär, sözlükler hem döwrüň talabyna görä özgerýär. Şeýle hem olaryň görnüşleri artýar. Düşündirişli sözlük, dürs ýazuw sözlügi, adalgalar sözlügi, dialektologik sözlük, etimologik sözlük, iki dilli we köp dilli sözlükler we başgalar.
Türkmen sözlükçiliginde iki dilli sözlükleriň ilkinji nusgasy Rusça-Türkmençe sözlüklerden başlady. Iki dilli sözlük boýunça (Rusça-Türkmençe; Türkmençe-Rusça) Türkmen sözlükçiliginiň gaty baý tejribesi bardyr. Bu babatda soňky nusga hökmünde iki jiltden we 77.000 sözlük makalasyndan ybarat bolan “Uly Rusça-Türkmençe Sözlügi” (Moskwa, 1986) görkezmek bolar.
Iki dilli sözlükçilikde Iňlisçe-Türkmençe, Türkmençe-Iňlisçe sözlükleri soňky ýyllaryň, has dogrusy, Garaşsyzlykdan soňky ýyllarda has-da janlanyp başlan sözlükler hasaplamak bolar.
Munuň anyk nuslarynyň biri hökmünde “Iňlisçe-Türkmençe Makul Sözlügini” görkezmek dogry bolar.
Sözlükçilik, sözlük düzmek işi iň agyr we hysyrdysy köp bolan işleriň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin bolsa gerek, sözlükçilik işini “iňňe bilen guýy gazmak” diýen durnukly aňlatma meňzedýärler.
Iki dilli sözlük goşa ganatly uçan guşa meňzär. Her bir ganaty özbaşdak dile wekilçilik eder. Deňderejeli hereket, deňagramlylyk esasynda bir meňzeş ganat kakyş bolmasa, bu uçuş guşy maksat öýüne eltip bilmez. Başgaça aýdylanda, iki dilli sözlükleri taýýarlamak işi muşakgatly işdir. Bu ýerde iki dili-de (biziň mysalymyzda ilki iňlis dilini, soňra türkmen dilini ýa-da ilki ene dilini, soňra bolsa iňlis dilini gowy bilmelidir) oňat bilmek esasy şertleriň biridir.
Sözlügiň deslapky görkezgiji sözlük makalasydyr. Muňa başgaça “sözlük maddasy”, “madda başy”, “baş söz” hem diýýärler. Biz şertli ýagdaýda “sözlük makalasy” görnüşinde almagy amatly hasapladyk. Aslynda sözlük makalanyň her biri bize bir temany ýatladýar. Şol tema hakynda näme ýazylýan bolsa, şol sözlük makalanyň düşündirişi bolýar. Elbetde bu düşündiriş iki dilli sözlüklerde gysgaça berilýär.
Geliň, sözlük makalasyna bilelikde seredeliň:
“Makul Sözlükden” alnan mysal bilen düşündirmeli bolsak, onda 1) (ab initio), 2) (above), 3) (abduct) – bularyň her biri bir sözlük makalasydyr.
Sözlük makalasynyň saýlama nusgalarynda sözüň kökden kökene bolan ugry yzarlanylýar. Munuň mysalyny “Makul Sözlügiň” 1) (abandon), 2) (abandonment), 3) (abate), 4) (abatement), 5) (abet), 6) (abetment) ýaly sözlük makalalarynda görmek bolýar.
Mysallardan-da görnüşi ýaly, sözlügiň birinji etaby sözlük makalasyny dogry seçmekden ybaratdyr. Bu ýerdäki dogry seçim sözlügiň sagdyn sütünleriniň birini emele getirýär. Sözlük makalasy sözlükde birinji diliň wekili hökmünde çykyş edýär. “Makul Sözlükdäki” sözlük makalasynyň dili bolsa iňlisçedir.
Jemläp aýdanymyzda, gürrüňi edilýän sözlükde, sözlügi taýýarlanlar tarapyndan iňlis diliniň talabyna görä sözlük makalalary dogry saýlanyp alnypdyr diýmäge doly esas bar.
Sözlügiň sözlük makaladan soňky bölegi onuň düşündirişidir. Düşündiriş – sözlük makalalaryň anyklaýjysydyr, olara berlen many-mazmundyr, öwezini ödeýän anyk maglumatdyr. “Makul Sözlükden” alnan “bird guş (n.) bird-house ketek (n.)” nusgalara görä, “guş” we “ketek” sözi düşündirişdir, anyklaýjydyr, many-mazmundyr, maglumatdyr.
Elbetde, sözlügiň bu bölümi boýunça-da “Iňlisçe-Türkmençe Makul Sözlügi” taýýarlaýanlaryň sözlük makalalaryna degişli we dogry düşündirişleri berendigine şaýat bolýarys.
Özüniň düzüminde 16 500-e ýakyn sözlük makalasyny jemleýän “Iňlisçe-Türkmençe Makul Sözlügi” şu wagta çenli bu ugurda edilen ilkinji göwrümli işleriň biridir.
Gürrüň edilýän sözlük turuwbaşdan sözlükçiler üçin peýdaly çeşmeleriň biri boljakdyr.
Şeýle hem bu sözlük iňlis dili we türkmen dili mugallymlarynyň iş stolunda özüne mynasyp ýerini aljakdyr.
Şonuň ýaly-da “Iňlisçe-Türkmençe Makul Sözlük” iňlis dilinden türkmen dili ýa-da türkmen dilinden iňlis dili boýunça terjimeçileriň üçünji eli bolup hyzmat etjekdir.
Galyberse-de, gürrüňi edilýän sözlük ýaşlara, ylaýta-da, ýokary synyp mekdep okuwçylaryna, ýokary okuw mekdepleriň talyplaryna, aspirantlara we doktorantlara peýdaly boljakdyr.
Mundan başga-da bu sözlügiň daşary ýurtly işewür adamlaryna, turistlere, hukukçylara, dürli hünärmenlere, dil höweseklerine ýakyndan hyzmaty etjekdigine güwä geçip bolar.
Öňi bilen, sözlükleriň düzgünnamasyna we şol düzgünnama laýyklykda tejribeli sözlükçileriň-de kabul eden gysgajyk pikirini paýlaşaýyn. Ynha, şol pikir: “Söz – gutarnyksyz, üznüksiz üsti doldurylýan serişdedir. Şonuň üçin hiç bir sözlüge gutarnykly sözlük diýip bolmaz”. Bu sözden ugur alyp, sözlük hakynda geljekde awtorlara peýdaly bolar diýen maksat bilen käbir belliklerimi-de paýlaşmaklygy ýerlikli gördüm.
***
1.Her bir sözlükde bolşy ýaly, sözlügiň başyna “Sözlügiň gurluşy hakynda” diýlen bölüm ýerleşdirilip, “Iňlisçe-Türkmençe Makul Sözlügiň” düzüliş düzgünleri barada umumy maglumat berlen bolsa has-da oňaýly we göwnejaý bolardy. Hat-da bu sözlükden öň düzülen sözlükler-de yatlanylyp bilnerdi. Bu geljekde göz öňünde tutulmaly meseleleriň biridir.
2.Dürs ýazuw bilen berlen sözlük makalanyň yzyndan onuň dogry aýdylyşy-da geljekde özboluşly talaba öwrülip biler. Awtorlaryň köpüsi iňlis dilini bilendigi üçin bu çaklaňja talaba üns bermedik bolmaklary mümkin. Bu talaby ilki bilen iňlis dilini täze öwrenjek türkmen okyjylary dile getirer. Çünki, türkmen okyjylary ene diliniň dürs ýazuwy bilen dogry okalyşynyň arasynda özüne mahsus aýratynlyga endik edendirler.
3.Geljekde sözlük makalalary eserlerden alnan mysallar bilen delillendirilse, sözlügiň hili has-da artardy.
4.Käbir sahypalarda tehnik hatalar bilen bir hatarda gaýtalanýan sözler duş gelýär. Bulara geljekde aýratyn üns berilmelidir. Mysal üçin üçin, 388-nji sahypadan käbir nusgalar:
- straightway curve gönüburçly öwrüm (n) (sah. 388)
- strange ýat, nätanyş, nämälim, täsin, adaty däl, birhili, geň, del, birhili (adj.) (sah. 388)
- stranger daşary ýurtly, näbelet, saýry, nätanyş, keseki, ýat, gaýry ýurtly, saýry (n) (sah. 388)
- strained muscle muskul dartylmasy, siňiriň süýnmegi (n) (sah. 388)
- strange looking model üýtgeşik görnüşli nusga (awtoulag barada) (sah. 388)
- stream akym (n), syrykmak (v), çüwdürmek (v), akmak (v), akdyrmak (v), akar (n), dökülmek, guýmak, çüwdürmek, kükemek, burk urmak (v.) (sah. 388)
- street races köçe ýaryşlary (n) (sah. 388)
5.Sözlükde görkezilen käbir maglumatlara-da üns berilse, käbir säwlikleriň öňi alnyp bilerdi. Mysal üçin, S. Frederik Starr 2025-nji ýylda çykan sözlügiň “Sözbaşynda” “Türkmenistanyň özünde ýedi milliona golaý” diýen söz düzümi ulanypdyr. Emma iki ýyl mundan öň, has dogrusy, 2023-nji ýylda neşir eden “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” diýen kitabynyň 37-nji sahypasynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilaty hakynda anyk maglumatlary berdi: 2022-nji ýylyň 17-nji dekabyrynda geçirilen sanawa görä 7 million 57 müň 841 kişi diýlip görkezildi. Ýönekeý maglumat ýaly, ýöneher ýerde dogry bilinmeli resmi maglumatdyr.
6.Sözlügiň “Giriş” bölüminde dilçi alym Amangeldi Baýgeldiýewiň oňat pikirlerine ýer berlipdir.
Ýöne awtoryň “Türkmenistanda sözlükleriň taýýarlanyş gözbaşy milli Ylymlar akademiýanyň açylan döwründen, ýagny geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan başlanýar” diýen pikiri bilen asla ylalaşmaýaryn. Sebäbi, 1950-nji ýyla çenli 10-a ýakyn sözlügimiz bar. Türkmen sözlükçiliginde iki dilli sözlügiň birinji nusgasy bolan “Rusça-türkmençe sözlük” I.A. Belýaýew tarapyndan taýýarlanylyp, 1913-nji ýylda neşir edildi.
“Girişdäki” käbir sözlemler türkmen dilinden iňlis diline ugrukdyrylýan ýaly duýulýar. Meselem: “Ylmyň we tehnikanyň, sanly ulgamyň gazananlaryny giňden ornaşdyrylmagy onuň milli ykdysadyýeti durnukly ösüşlerine eýe bolmagyna täsir edýär.”
Bu sözlemdäki “gazananlaryny giňden ornaşdyrylmagy” diýen durnukly aňlatma-da, “onuň milli ykdysadyýeti durnukly ösüşlerine eýe bolmagyna täsir edýär” diýen durnukly aňlatma-da many taýyndan täsirsizdir.
“Giriş” bölüminiň …“dil köprisi” bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys” diýen iň soňky sözleminiň durnukly aňlatmasyndaky “dil köprisi”-de türkmen diliniň dürs ýazuwyna laýyk gelenok.
Şu we şuňa meňzeş tekniki ýalňyşlyklar, ownuk-uşak säwlikler “Iňlisçe-Türkmençe Makul Sözlügiň” ähmiýetini asla peseltmez, gaýtam hiliniň has-da gowulanmagyna goldaw berer diýip pikir edýäris.
Berdi Saryýew,
Ankara uniwersitetiniň mugallymy,
filologiýa ylymlarynyň doktory.
TERJIMEHAL
Men, Berdi Saryýew, 1954-nji ýylda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Uzyn-suw obasynda eneden dogulýar. Şol obada ýerleşýän 4-nji orta mekdebi tamamlap, 1974-nji ýylda Aşgabatdaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girdim. 1979-njy ýylda bolsa şol uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen gutardym.
1980-1984-nji ýyllaryň arasynda Türkmenistan Magaryf ministrliginiň ýanyndaky Pedagogiki ylymlaryň ylmy barlag institutynyň Türkmen dilini we edebiýatyny okatmak metodikasy bölüminde kiçi ylmy işgär bolup işledim.
1984-1988-nji ýyllarda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynda aspiranturada okadym. Aspiranturany başarnykly tamamlap, “Häzirki zaman türkmen dilinde birsostawly sözlemler” diýen temada ýazan ylmy işimi üstünlikli goradym we filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldym.
1988-1991-nji ýyllaryň arasynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň sözlük sektorynda ylmy işgär bolup işledim.
Soňra 1991-1994-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda işlän döwründe mugallymçylygyň ýanysyra kafedra müdiri, dekanlyk wezipelerinde-de işledim.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň arasynda ýokary bilim boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin baglaşylan ylalaşyga görä 1997-1998-nji okuw ýylyndan başlap häzirki wagta çenli Ankara uniwersitetiniň Dil-taryh we geografiýa fakultetiniň Häzirki zaman Türk dilleri we edebiýatlary bölüminde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýärin.
2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynda “Türkmen dilinde dünýägaraýyş aňladýan sözleriň kognitiw we psiholingwistik ulanylyş aýratynlyklary” diýen temada doktorlyk dissertasiýasyny goradym we Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň 2025-nji ýylyň 24-nji iýunyndaky çözgüdi bilen (protokol №1) filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini aldym.
Türkmen diliniň dürli ugurlaryna degişli 5 sany kitabym we 100-den gowrak ylmy makalam bar. 20-den gowrak eseri türk dilinden türkmen diline, türkmen dilinden türk diline terjime etdim. Şol eserlerin arasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – watanyň daýanjy”, “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” eserleri, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ondan gowrak eserini türk diline terjime etmäge gatnaşdym.
2024-nji ýylda Türkiýe döwletinde Magtymguly Pyragyny tanatmak boýunça ençeme eserleri taýýarlamaga gatnaşdym. Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylan Magtymgulynyň iki jiltlik saýlanan eselerini türkmen dilinden türk diline terjime eden ylmy toparyň agzalarynyň biri boldum. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly dabarasyna bagyşlanan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň Diwany” diýen kitabyny taýýarlamaga gatnaşdym.
Häzirki wagtda Ankara uniwersitetinde türkmen dili ve edebiýaty mugallymy bolup işleýärin. 2020-nji ýylda TDK-nyň (Türk Dil Kurumynyň) habarçy agzalygyna saýlandym.
AZAT NAZAROW: “MAKUL SÖZLÜK” IŇLIS DILINI ÖWRENÝÄNLER ÜÇIN ÝEŇILLIK