TEHNOLOGIÝA

Benzinli awtoulaglaryň satylmagyny gadagan edip biler   

Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglaryň satylmagyny gadagan etmekçi bolýar. 2030-njy ýyllaryň ortalarynda Ýaponiýanyň bazarlarynda benzin we dizel hereketlendirijili  işleýän ähli görnüşli awtoulaglar azalar. Bu maksada ýetmek üçin anyk çäreler 2020-nji ýylyň ahyryna çenli yglan ediler. “Kyodo News” habar gullugynyň habar bermegine görä, indi diňe elektroulaglar satyn alnar, şeýle hem wodorod bilen enjamlaşdyrylan gibrid ulaglary satyn alyp bolar diýip habar berýär.

Ýaponiýa 2050-nji ýyla çenli atmosfera zyýanly hapa gazlarynyň zyňyndylaryny 0% göterime ýetirmegi maksat edinýärler. “Kyodo News” habar gullugynyň hünärmenleri bellemegine görä, häzirki wagtda Ýaponiýada elektroulaglara isleg bildirýän adamlar köp we bu ulaglaryň öndürijileri özleriniň elektroulag sanyny gysga wagtyň içinde köpeltmeli bolarlar diýip belleýärler.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi

Tbiliside bahasy 1,25 mlrd dollar bolan täze howa menzili gurlar