SPORT

Benzema Puşkaşy geçdi

Ispaniýa çempionatynyň 29-njy tapgyrynda “Real Madrid” topary “Walensiýany” ýeňdi. Şa topary 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykdaky iki goly Karim Benzema geçirmegi başardy. Indi fransuz oýunçysy “Real Madridiň” bir bölegi hökmünde 243 pökgi geçirdi, bu görkezijä görä, hüjümçi Ferens Puşkaşy geçip, toparyň taryhynda bäşinji orunda çykdy.

Karim Benzema:

– Munuň ýaly zat hakda pikir edip bilmedim, men örän şat. Elmydama gowulaşmagy dowam etdirmäge çalyşýaryn. Saklanmaryn, diýip umyt edýärin. Bu aňsat oýun däldi. Bu toparda oýnamaga diýseň begenýärin- diýip, “Real Madridiň” metbugat gullugy hüjümçiniň sözlerine salgylandy. Bu möwsüm Benzema 38 oýunda 21 pökgi geçirdi.

Marko Asensio meýdana çykan soň ilkinji topa galtaşmagy bilen pökgini tora girizdi. Futbolçy üçin bu oýun, şikes sebäpli 330 gün hereketsizlikden soň ilkinji duşuşygy boldy. “Walensiýa” topary oýnuň 89-njy minutynda azlykda galdy. Topary Li Kan Ina gyzyl petek alyp meýdany terk etdi.

“Real” çempionatda ikinji orny eýelemegini dowam etdirýär. “Real Madrid”, “Barselona”-dan iki utuk yzda barýar. “Walensiýa” çempionatda 8-nji hatarda ýerleşýär.

Ýene-de okaň

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri

Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlary badalga aldy