TEHNOLOGIÝA

“Bentley” kompaniýasyndan sagat

“Bentley we Breitling” kompaniýasy ikisi bilelikde “Premier B21 Chronograph Tourbillon 42 Bentley Limited Edition” atly sagadyny öndürdiler. Sagadyň bezegi geçen asyryň 40-njy ýyllarynyň “Breitling Premier” sagadyna çalymdaş edýär.

Sagadyň daşky bölegi 18 karatlyk gyzyl altyndan ýasalapdyr we gönüburçly düwmeleri bilen enjamlaşdyrlypdyr. Sagadyň altyn-goňur reňkli kemeri ýokary hilli deriden ýasalyp, onuň arka tarapyndaky gapagynda bolsa 22 karatlyk altyndan ýasalan sagadyň sistemasyny synlap bolýar.

Sagatda 55 sagatlyk ätiýaçlyk we 100 metre çenli suw çydamlylygy funksiýasy esasynda “Breitling Caliber B21” mehanizmi bilen işleýär. Bu owadan sagat Şweýsariýanyň synag instituty tarapyndan tassyklanyldy. “Premier B21 Chronograph Tourbillon 42 Bentley Limited Edition” atly sagadyň bary-ýogy 25 sany çykarylar.

Ýewropada sagadyň bahasy 49 müň ýewro barabar bolar, ýagny bu sagat awtoulaglaryň bahasy bilen deňeşdirilen onda “Genesis GV80” atly awtoulagyň bahasyna deňdir.

 

Türkmenistanda koronawirusa garşy sanjym alnyp barylýar

 

 

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi