JEMGYÝET

«Belawiýa» 1-nji noýabra çenli Aşgabada uçmaz

Belarus Respublikasynyň «Belawiýa» kompaniýasy Aşgabada uçar gatnawlaryny togtatmagyň möhletini 1-nji noýabra çenli uzaltdy.

«Sputnik» neşiriniň ýazmagyna görä, kompaniýa diňe Aşgabada däl, dünýäniň beýleki käbir şäherlerine ozal bellenilen möhletleriň uzaldylýandygyny habar berdi. Türkmen paýtagtyndan başga-da, Belarus howa ýollary Budapeşt, Riga, Tallinn, Larnaka, Woronež, Kazan, Nižniý Nowgorod (24-nji oktýabr aralygynda), Gruziýanyň ähli şäherlerine (31-nji oktýabr aralygynda) uçuşlary wagtlaýyn amala aşyrmaz.

Häzir kompaniýa Moldowa, Albaniýa, Ukraina, Türkiýe ýaly döwletlere halkara uçuşlary amala aşyrýar. Ýeri gelende aýtsak, «Belawiýa» Minsk — Aşgabat — Minsk halkara gatnawyny hepdede bir gezek guraýardy.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri