JEMGYÝET

Belarusdan Türkmenistana 3-nji gatnaw: türkmen raýatlary geldi

Dünýäde emele gelen koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler zerarly daşary ýurtlarda galan Türkmenistanyň raýatlary yzygiderli Watanymyza gaýdyp gelýärler. Türkmenistanyň Hökümetiniň tagallasy bilen Belarusdaky türkmen raýatlarynyň üçünji tapgyry geldi. Belarusdan amala aşyrylan 3-nji gatnawdaky “Boeing – 737 – 800” uçary bilen 102 raýatymyz Türkmenabat şäherine geldiler. Ol bu ýerde iki hepdelik karantin çärelerine tabyn boldular.

Ýurdumyza gelen raýatlarymyzyň esasy bölegi Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilimini tamamlan, wagtynda ata Watanymyza gelip bilmedik ýaşlarymyzdyr.

“Orient.tm” saýtyndaky habara görä, bu gatnaw bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Natalýa German hem bardy.

Türkmenistana tapgyrma-tapgyr daşary ýurtlardan getirilýän raýatlarymyz babatda Belarus boýunça 3-nji gatnaw amala aşyrdy. Belarusdan 526 raýatymyz ýurdumyza geldi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen raýatlary Türkiýeden, Belarusdan, Hindistandan hem-de Russiýadan getirildi.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy