JEMGYÝET

Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna

“Türkmengaz” döwlet konserni, “Nebit-gaz” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Gazyk” hususy kärhanasy bilen bilelikde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlap, söweş meýdanlarynda ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylygyny şöhratlandyrmak olaryň taryhy ähmiýetini has-da artdyrmak maksady bilen, “Gahrymanlaryň edermenligi nesillere nusgadyr” atly iň gowy makalalaryň, goşgularyň foto we çekilen suratlaryň döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň netijeleri 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň öňssyrasynda yglan ediler. Bäsleşigiň ýeňijileri hormat hatlary we gymmat bahaly baýraklar, şeýle hem birnäçe höweslendiriji baýraklar  bilen sylaglanar. Döredijilik bäsleşigine hödürlenen işleri we awtorlar baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da okaýan ýeri, öý salgysy, telefon belgisi) aşakda görkezilen salgy boýunça iberilmeli.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 56-njy jaýy, “Nebit-gaz” gazetiniň redaksiýasy.

Telefon belgisi: (+99312) 44-08-40

Elektron salgysy: nebit-gazgazeti@online.tm

Faks: (+99312) 44-19-13

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy