JEMGYÝET

Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellenildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda guramaçylyk meselelerine seredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti şol mejlisde Ministrler Kabinetiniň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini ýapmak baradaky Karara gol çekdi.

Şoňa laýyklykda, ozal Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesini hem ýerine ýetiren Çarymyrat Amanow başga işe geçmegi mynasybetli Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşadyldy.

Goranmak ministri general-leýtenant Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellenildi.

 

 

Döwlet howpsuzlyk geňeşi: ýolbaşçylar wezipä bellendi

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri