Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Dabaranyň çäklerinde bäsleşige hödürlenen iň gowy işler degişli ugurlara — iň nepis haly, türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary, türkmen bedewiniň iň gowy surat we heýkel eseri, iň gowy neşir önümleri, iň gowy telewizion görnüşler ugry boýunça seçilip alyndy.
- Türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly — “Behişdi bedew” atly eseri üçin Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik we hil boýunça hünärmeni G.Orazowa
- Türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary — “Garlawaç» at şaý-sep toplumy” atly eseri üçin Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy E.Annaberdiýewa
- Türkmen bedewiniň iň gowy surat eseri — “Türkmen toýy” atly nakgaş eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşlyk kafedrasynyň bäşinji ýyl talyby Ş.Orazlyýew
- Türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly heýkel eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy M.Hojainow
- Türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi — “Türkmeniň uçar ganaty” atly fotoişleri üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň fotohabarçysy M.Rozyýew
- Türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion görnüşler — “Türkmen bedewi” atly wideoşekili üçin Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň teleoperatory B.Ramazanow ýeňiji boldy
- Ýeňijilere “Tolkun” telewizory we şahadatnamalar gowşuryldy.