ABŞ-da 3-nji noýabrda geçirilen prezident saýlawlar boýunça ses berlişlik tamamlandy we häzirki wagtda ses berişligiň netijeleri belli bolýar. Mälim bolşy ýurduň häzirki Prezidenti Donald Tramp Respublikanlar partiýasynyň dalaşgäri hökmünde ikinji möhlet üçin bäsleşýär. Onuň esasy garşydaşy Demokratlar partiýasynyň dalaşgäri Josef Baýdendir. Baýden ozal ABŞ-nyň 44-nji Prezidenti Barak Obamanyň orunbasary bolup işläpdi.
BAÝDEN ÖŇDE BARÝAR
“Foxnews” teleýaýlymynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Aşgabat wagty bilen 2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda ir bilen sagat 04:35-daky ýagdaýa görä, Josef Baýden 71 million 228 müň 222 (50.3%) ses aldy. Şol döwürde Tramp üçin 68 million 114 müň müň 118 (48.1%) ses berildi.
Ýöne Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda prezident saýlawynyň netijesini ýönekeý saýlawçylar däl-de, eýsem dürli ştatlaryň 538 wekili bolan saýlaw delegatlary kesgitleýär. Her ştatdan saýlaw delegatlarynyň sany ilata proporsional bolup, 3-den 55-e çenli üýtgeýär. Dalaşgär ştatyň ilatynyň 50% -den gowragy tarapyndan goldanýan bolsa, ähli saýlaw delegatlarynyň sesini alýar (Maýn we Nebraskadan başga hemme ýerde). Tutuş ýurt üçin ýeňiş gazanmak üçin azyndan 270 saýlaw delagatynyň sesini almaly.
Saýlaw delegatlarynyň sany boýunça Jozef Baýdeniň görkezijisi habaryň saýtymyza ýerleşdirilýän wagtyndaky sagatdaky ýagdaýa görä, 264, Trampyňky bolsa 214-e deňdir. 270 delegat sanyna ýeten dalaşgär ýeňiji bolýar. Şu ýagdaýda Baýden üçin 6 delagatyň sesi gerek.
Bellemeli zat, Aşgabat wagty bilen 2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda ir bilen sagat 04:30-daky ýagdaýa görä CNN International kanalynyň berýän maglumatlaryna görä, Baýden 253, Tramp bolsa 213 delegatyň sesini aldy.
Biz şeýle hem, habary giren wagtymyzdaky ýagdaý boýunça beýleki käbir dünýä belli metbugat serişdeleriniň maglumatlaryny Size ýetirýäris.
The Wall Street Journal
THE WASHINGTON POST
BBC NEWS
Euronews
ŞU GEZEKKI SAÝLAWYŇ AÝRATYNLYKLARY
Şeýle hem ABŞ-daky bu ählumumy saýlawda diňe prezident we onuň orunbasary däl, eýsem senatorlary, Wekiller palatasynyň agzalaryny, 13 ştatyň gubernatory we ýerli ABŞ-da 3-nji noýabrda geçirilen prezident saýlawlar boýunça ses berlişlik tamamlandy we häzirki wagtda ses berişligiň netijeleri belli bolýar.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli saýlawlarda şahsy gigiýenanyň talaplary berk berjaý edilýär.
Saýlawçylaryň belli bir bölegi poçta arkaly ses berýärler.
Belli bir bölegi saýlaw okruglaryna gidip ses berýärler.
Ozalky saýlawlardan tapawutlylykda bu gezek saýlawçylaryň köp bölegi wagtyndan öň ses bermek işine işjeň gatnaşdylar.
100 million saýlawçy wagtyndan öň ses berdi. “USA Today”-iň maglumatyna görä, bu görkeziji 2016-njy ýyldaky saýlawlardaky ähli sesleriň 70 göterimine deňdir.