DÜNÝÄ

Baýden we Szinpin milli Liderimizi gutladylar

Dünýäniň köp sanly döwletleriniň ýolbaşçylaryndan, hökümet baştutanlaryndan hormatly Prezidentimize Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelýär. Hususan-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Josef Baýden, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohamed Aşraf Gani we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Josef Baýden öz gutlagynda: “Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Men öz administrasiýamyň hem-de Siziň ýurduňyzyň arasynda howpsuzlyk, Owganystanda parahatçylygy dikeltmek hem-de ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, hususan-da, Hazar deňziniň energetika kuwwatyny ösdürmäge çalyşmagyňyz bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigine umyt baglaýaryn. Biz şeýle hem bäş ýyl mundan öň döwlet sekretary Kerriniň başlangyjy bilen döredilen “C5+1” görnüşiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt edýäris” diýip belläpdir.

SZINPIN: TÜRKMENISTAN BILEN ÇIG MAL DÄL UGURLARDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELDERIS

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin öz gutlagynda hytaý-türkmen gatnaşyklary mäkäm binýada, ösüşiň örän uly kuwwatyna we giň mümkinçiliklere eýedigini belläp, hytaý tarapynyň tebigy gaz babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy, çig mal däl ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegi, ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrmagy dowam etdirmäge taýýardygyny belläpdir.

Şeýle hem bu dostlukly ýurduň gutlagynda: “Soňky ýyllarda Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda ýurduňyz döwlet gurluşynda hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milletiň galkynmagynda uly üstünlikleri gazandy. Hytaý tarapy munuň şeýledigine tüýs ýürekden guwanýar.Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de Siz bilen bilelikde strategik hyzmatdaşlygy iki ýurduň we halklaryň bähbidine täze derejä çykarmaga taýýardyryn” diýlip bellenilýär.

23-nji mart hem dynç alyş güni

 

Ýene-de okaň

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy

Ilkinji ýokary derejeli “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi