SPORT

Bawariýa Alaba şertnamasyny uzaltmakçy

Goragçy Deýwid Alaba Bawariýa bilen täze şertnama gol çekip biler, sebäbi häzirki şertnama 2021-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.

AZERTAC-yň habar gulugynyň gazeta.ru saýtynda žurnalist Nikolo Skiranyň habar berşi ýaly, Mýunhen klubynyň ýolbaşçylary 27 ýaşly Awstriýanyň wekili bilen şertnamany 2024-nji ýyla çenli uzaltmak barada gepleşik geçirýär. Bu etapda taraplar entek umumy ylalaşyk gazanyp bilmediler, ýöne gepleşikler giň gerimde geçirilýär. Alaba bu möwsümde 20 oýun oýnap, bir pökgi geçirdi.

Deýwid Alaba karýerasyna Wenada ýagny Awstriýanyň ýaşlar toparynda başlady. Eýýäm 2008-nji ýylda Alaba Awstriýa klubynda ýer aldy. “Awstriýanyň” ätiýaçlyk topary üçin 5 oýun geçirenden soň, şol ýylyň tomsunda Deýwid Alaba “Bawariýa” göçdi.

2011-nji ýylyň 10-njy iýunynda Bawariýa oýunçy bilen 2015-nji ýyla çenli täze şertnama baglaşdy. 2013-nji ýylyň 2-nji aprelinde Ýuwentus bilen geçirilen oýunda Dawid Çempionlar ligasynyň taryhynda iň çalt pökgi geçirdi. Ol duşuşygyň 25-nji sekuntynda gol saldy.

 

Ýene-de okaň

Özbegistan bilen Azerbaýjan futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär

Gülbadam Babamyradowanyň tälim beren türgeni Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy

Türkmenistan ilkinji gezek FIDE zenanlar dünýä küşt kubogynda wekilçilik edýär

Niko Uilýams “Atletiko” toparynda 10 ýyl galýar

Türkmenistanyň «CAFA Nations Cup-2025» halkara ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanly zenan emin ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşar