BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: Lebap welaýatynda döwrebap athana gurlar

«Türkmen atlary» döwlet birleşigi Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 200 baş at saklamaga niýetlenen döwrebap athanany gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplar tehniki talaplary almak üçin «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hojalyk hasaplaşygyndaky bejeriş-gurluşyk bölümine ýüz tutup bilerler.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 166-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 21-12-68, 21-02-98.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler