IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: lukmançylyk enjamlaryny satyn almak

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça yglan edilen BÄSLEŞIKLERIŇ möhletini uzaldýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Lot № 39 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Lot № 40 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigine saglygy goraýyş edaralarynyň lukmançylyk enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

Türkmenistan-BMG: pandemiýa garşy maksatnama

Ýene-de okaň

Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär