BILIM

Başlangyç hünär okuw mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Açyk gapylar güni mynasybetli okuw mekdebine mekdep okuwçylary, şeýle-de köp sanly  myhmanlar geldiler. Bu okuw mekdebiniň “Açyk gapylar” gününiň dabarasynyň ýörite myhmanlary hem boldy.  Olar “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem-de “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi boldy. Şeýle hem ýurdumyzda çap edilýän “Biznes reklama” gazeti hem gatnaşdy.

“Açyk gapylar” gününe gelen myhmanlar okuw mekdebinde okadylýan dersler, hünärler bilen içgin tanyşdylar. Okuw mekdebiniň girelge zalynda tanyşdyrylyş sergisi görkezildi. Bu ýerde “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem-de “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Şol ýerde “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň birnäçe çapdan çykan sanlary bilen bir hatarda “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hyzmatlarynyň görnüşleri tanyşdyryldy.

“Açyk gapylar” gününiň geçirilmeginiň maksady bu hünär okuw mekdebiniň taryhy, teleradio žurnalistikany, teleradiogepleşikleri taýýarlamagy we alyp barmagy, kino sungatyny hem-de telekinooperatorçylygyň inçe tilsimleriniň öwredilýän hünärleri boýunça gürrüň bermekden we okuw ders sapaklarynyň geçirilişi bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda alyp barýan bilim syýasatynyň esasynda Başlangyç hünär okuw mekdebinde zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, telewideniýede, radioda, mahabat işleri şeýle-de kino sungaty üçin ökde hünärmenleri taýýarlamakda uly işler alnyp barylýar. Başlangyç hünär okuw mekdebinde öz işine ussat hünärmenler talyp ýaşlara degişli ugurlardan sapak berýärler.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanyň okuwçylary STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler