ABŞ-nyň Milli Basketbol assosiasiýasynyň duşuşyklary mawy ekranda tomaşaçylara ýetirmek üçin 11 ýyllyk umumy bahasy 76 milliard dollarlyk şertnama baglaşmak meýilleşdirilýär. Bu barada “Associated Press” habarlar gullugy habar berýär.
Las-Wegasda geçirilen assosiasiýanyň ýygnagynda bu ugurda degişli çözgüt kabul edildi. Täze ylalaşyk 2025-2026-njy ýylyň möwsüminden güýje girer.
ABŞ-nyň Milli Basketbol assosiasiýasynyň duşuşyklary esasan hem “ESPN” we “ABС” teleýaýlymlarynda görkeziler. Bu teleýaýlymlar “Walt Disney” kompaniýasyna degişlidir. Ozalky şertnama laýyklykda, kompaniýa basketbol duşuşyklary ýaýlyma alyp bermek üçin ýyllyk 1.4 milliard dollar döleýän bolsa, täze şertnamada ýyllyk baha 2.6 milliarda ýetirildi.
Käbir duşuşyklar “NBC” teleýaýlymynda we “Amazon Prime” platformasynda hem görkeziler.
Gysga wagtlyk döwürde bu ylalaşygyň netijesinde, basketbol ligasynda aýlyk haklaryny her ýyl 10 göterim artdyrmaga mümkinçilik berer.
