SIZDEN GELENLER

Baş maksat – ilatyň saglygy

Şu gün ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýylýazgysy taryhy wakalara beslenýär. Her ýylyň 10-njy oktýabrda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýramyň şanyna paýtagtymyz Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk 2 sany iri saglygy goraýyş desgasy – 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: “Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr” diýip bellemek bilen ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezdi. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy, «Arçman» şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar, ýakyn geljekde Mary, Balkan, Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak göz öňünde tutulýar.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýip belleýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrebap derejede ösdürilýär we onuň döwrebap saglyk merkezleriniň üsti ýylyň-ýylyna täze merkezler bilen ýetirilýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap hem-de kämil derejede ösdürilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri hem özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildi elimize gelip gowuşdy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby esasynda buýan kökünden täze dermanlyk serişdeleriniň öndürilmegi ýola goýuldy. Bu aýdyň mysal hökmünde düýn Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ulanmaga berlen  glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açylyp, ulanmaga berildi.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ilatyň arassaçylyk-epidemiologik abadançylygyny üpjün etmek ýaly ugurda dünýäniň köp döwletleri üçin nusgalyk ýurtdur. Bu ulgamda alnyp barylýan giň möçberli işler raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmak, durmuş üçin howpsuz şertleri döretmek, ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasaty netijesinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, onuň barlaghanalary halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlardaky, şäherlerdäki we etraplardaky gulluklaryň täze binalaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu edaralaryň işi ilatyň saglygyny daşky gurşawyň zyýanly fiziki, himiki we biologik täsirlerinden, şol sanda dürli ýokançlardan goramaga hem-de ýokary netijeli öňüni alyş çärelerini geçirmäge gönükdirilendir.

Nurmuhammet Ilmyradow, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Harby lukmançylyk fakultetiniň 6-njy ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz