SIZDEN GELENLER

Balyklaryň täsin häsiýetleri

Balyklar  – hemmämiziň bilşimiz ýaly, olar diňe suwda ýaşaýan oňurgalary bolan haýwanlardyr. Balyklaryň bedeni uzyn görnüşe eýe. Balyklaryň köp görnüşi bolup, ýumurtga bilen köpelýärler. Şeýle-de bolsa, käbir balyk görnüşleri diri dogurýar. Balyk görnüşleriniň duýmak ukyplary gowy ösendir. Balyklaryň ululyklary dürli bolup biler. Uzynlygy 8 millimetr bolan, uzynlygy 16 metre ýetýän äpet balyklar hem bar. Balyklaryň ömri, ululygyna baglylykda üýtgeýär. Iň pes ömri 1 ýyl, iň uzyn ömri 25-30 ýyl arasynda bolýar. 100 ýyl ýaşan balyklara hem gabat gelindi. Balyklaryň iýmit siňdiriş, dem alyş, nerw, muskul we gan aýlanyş ulgamlaryny diýseň ösen.

Balyklaryň  ösüşi:

Balyk ömrüniň başlangyç döwründe çalt ösýän bolsada, bu ösüş kem-kemden peselýär. Balygyň ýumurtgasyndan täze dörän we doglan nesiller ene-atalaryna meňzeýär. Çaga çykandan soň ulalýanlaryň sanynyň gaty az bolýar. Balyklarda ýumurtga köplenç bedeniň daşynda tohumlandyrylýar. Käbir görnüşlerde bir milliondan gowrak ýumurtga görmek bolýar. Olar köpelmek üçin kenarlara ýakynlaşýarlar we ýumurtgalaryny ýalpak ýerlerde goýýarlar.

Dürli suwda ýaşaýan balyklar:

Suwda ýaşaýan balyklar süýji suw balyklary we duzly suw balyklary hökmünde iki topara bölünýär. Balyklaryň käbiri süýji suwdan çykyp, derýalaryň üsti bilen deňze ýetende, bedenleri birden üýtgeýär we duzly suw balyklarynyň alyş-çalşyna geçýär. Ondan soň, süýji suw derýalaryna gaýdyp gelenlerinde, duzly balyklaryň alyş-çalşygyny taşlap, süýji suw balyklarynyň alyş-çalşygyna geçýärler.

 

 LUKMANOW ŞÖHRAT,

S.A.Nyýazow adyndak türkmen oba hojayk

uniwersitetiniň talyby

 

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty