ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Bally Hajyýew: gaýtalanmajak zehin

— Ol barada ýatlama ýazasym gelýär, ýöne metbugat sahypalarynda ýazylan makalalar, teleradioýaýlymlarda taýýarlanan gepleşikler, internetde guralan çykyşlar köp. Maňa ýazara üýtgeşik zat galandyr öýdemok — diýip, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bally Hajyýewiň döredijiligi hakynda söz açdym. Kärdeşi Türkmenistanyň at gazanan artisti Sapar Mommadow:

— Onuň ýaly pikiriňiz bar bolsa, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanowyň agasy Orazmuhammet Hanow bilen söhbetdeş boluň. Ýa eýýäm Oraz Han bilen gürrüňdeş bolduňyzmy? — diýip sowal berdi.

— Ýok. Olam sazandamy?

— Hawa. Aýdymam aýdýar. Bilýäňizmi?

Ýaşlygymda meni intizar eden,

Gara gözüne, keşbine zar eden,

Ahyrynda meniň söýgimi har eden,

Biwepa şol gyz sen dälmi, läläm?

Sen dälmi, läläm?

 

Ynandyryp meni ýalan sözüňe,

Diýipdiň ýaş aýlap gara gözüňe,

Jadyly göz bilen bakyp ýüzüme,

«Söýýän» diýip aldan sen dälmi, läläm?

Sen dälmi, läläm?» diýip hiňlendi-de:

— Şol aýdymyň awtory. Oraz Hanowyň başga-da döreden aýdymlary bar. Onuň sözlerine «Intizar» diýen aýdymy Bally Hajyýewem aýdypdy. Bu aýdymyň sazyny Oraz han hindi heňinden ritmni üýtgedip işledi, ýöne Bally şol aýdymyň soňunda «Şemşadym» diýip, käbir ýerini üýtgedip aýdýardy. Bir gezek oňa Oraz Hanow: «Bally, beýdip aýdymymyň soňuny üýtgedäýipsiň-ä. Bu meniň sözüm däl» diýende ol: «Şemşat ady goşdum welin, aýdyma hasam owadan gelişdi. Owadanlyk üçin goşaýdym» diýip güldi — diýdi-de:

Diňle sen ýüregimi sözläýin,

Gözlerim intizary gözleriň,

Aýtsana nirelerden gözläýin,

Gözlerim intizary gözleriň — diýip, ol ýene hiňlenip:

— Ýadyňyza düşen bolsa ynha, şu aýdym — diýip ýatlatdy-da, ol ýene-de gürrüňini dowam etdi:

— Olar diýseň gadyrly dostdular — diýdi. (Okyjylar gürrüňi başga ýana sowdy diýmegi mümkin. Bagyşlaň!)

— Geň galdym. Şu çaka çenli «Sen dälmi, läläm?» diýen aýdymyň sözleri ussat şahyrymyz Magtymguly Myşşyýewiňkidir öýdüp ýördüm. Hakykatdanam Oraz Hanowyň goşgusymy? Ol aýdym meşhur aýdymlaň biri, kän aýdymçylar ýerine ýetirýär — diýip gaýtadan soradym.

— Anyk bilýän, sebäbi men ol aýdym döredilende gözli şaýat boldum. Oraz Han halypam bolansoň, men onuň ýanyndadym. Ol aýdymy ilkinji gezek teleýaýlymda Hoja Annagurbanow ýerine ýetiripdi. Şu wagtky ýaly ýadymda. 1994-nji ýylyň gyş aýlarynda, gar ýagyp durka Hoja neresse eli magnitafonly öýmüze gelipdi. «Halypaň Oraz Hanowyň «Sen dälmi, läläm?» diýen aýdymyny diňledim. Meniňem şol aýdymy aýdasym gelýär. Aýdymyň ýazgysyny beräýiň-dä» diýip, haýyş edip ses ýazgysyny menden alyp gitdi. Soň bu aýdymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Rejepmuhammet Ulugow aýtdy. Rejep halypanyň eýle-beýle aýdyma göwni ýetenokdy. Şol aýdyma juda göwni ýetensoň aýtdy. Käte öýlerine belli gün sadakasyna  barsak, Rejep halypanyň çagalaram şol aýdyma «kakamyň aýdymy» diýýärler. Rejep halypa ussat bagşydy. Ýerine ýetiriji ussatlyk bilen özüni ykrar etdirse halk şol aýdymy onuň özüniňki ýaly kabul edýär. Halypa şahyr Sapar Öräýewiň goşgusyna «Gyzlaryň» diýen aýdym ilki dutarda aýdylýardy. Estrada geçirip, akkordeon, dep saz guralynyň ýanynda ýerine ýetirip, ilkinji gezek teleýaýlymda çykyş eden Oraz Hanow. Bally Hajyýew bu aýdymy özüçe ýerine ýetiripdi.

Gürrüňdeş bolsaňyz halypam Orazmuhammet Hanow ol barada kän zatlar aýdyp biler — diýip salgy berdi. Onsoň ondan Orazmuhammet aganyň telefon belgisini alyp, ýakynda maşgala ojagynda söhbetdeş bolduk. Ol:

— 1975-nji ýylda orta mekdebi gutaryp Türkmen oba hojalyk institutyna okuwa girdim. Üçünji kursa geçenimizde Bally Hajyýewem şol instituta okuwa girdi. Ol ýerde okuwymyzyň daşyndan aýdym-saz, artistlik hünärine ukyby bolan talyplara türgenleşmekleri üçin ýörite bölüm bardy. Aýdym-saz ugrundan gatnap ýördüm. «Güýçli akkordeonçy geldi» diýip eşitdim. Soň türgenleşikde görsem hakykatdanam Bally akkordeony ezber çalýan eken. Belli bagşy Annaberdi Atdanowyň ýolundan aýdýan Garagurban lakamly Gurban Akmämmedowy ozal teleýaýlymdan diňläp ýördüm. Bally şoň ýanynda sazanda bolan eken. Zalda aýdym aýdyp türgenleşik geçip durkak: «Sen aýdymy Garagurban ýaly aýdýan ekeniň» diýip, Bally ýanymyza geldi. Ýanymda sazandarlyk edýän Bäşim Durdyýew dostum, kursdaşym, grupbadaşym. Elektro gitara, bas gitara, akkordeon, dep çalýan sazandalam bardy. Bally biziň toparymyza goşulmak isleginiň bardygyny aýtdy, ýöne Bäşim Durdyýewe «Sen git, ýeriňe Bally sazanda bolsun» diýip bolanok. Onsoň Balla ýagdaýymy düşündirdim.

Şo mahallar Aşgabadyň 8-nji mart diýilýän künjeginde ýaşaýardyk. Boş wagt tapsak sazandalar bilen täze aýdymlary öwrenip türgenleşik geçýärdik. Bally köplenç öýmüze gelerdi. Dogrusy, «Bally mekdepde okaýarka-da aýdym aýdýardy» diýýärler, ýöne men onuň bilen tanşanymda aýdym aýdýandygyny bilemokdym. Ol ussatlyk bilen saz çalýardy. Şu ýerde bir pursady aýdasym gelýär. Bir gün halypam Rejepmuhammet Ulugowyň aýdym ýazgysyny diňläp otyrdyk. Şonda Bally menden: «Bu bagşy kim?» diýip sorady.

— Rejepmuhammet Ulugow — diýdim. «Diýseň gowy aýdýan eken. Şu bagşyň aýdymlaryndan menem aýdaýyn» diýip, «Bagyşla meni», «Gözellik», «Janyna degmez» aýdymlaryň ýazgysyny alyp, ilki Rejep halypa meňzedip aýtdy. Türgenleşik geçip bile işlänimiz ýadymda. Depçim Myrat Annamyradow goňşymyzdy. Iki-üç ýyllykda ýogaldy neresse. Jaýy jennet bolsun. Täze aýdymlaň gapdalyndan öňki aýdymlaram öwrenerdik. Men ilki Annaberdi Atdanowyň aýdymlarynyň aşygydym, ýöne onuň aýdan aýdymlaryny aýtmak gaty kyndy. Çeküwli agyr aýdymlar.

1977-nji ýyldan soň Rejepmuhammet Ulugow çykyş edip başlady welin, onuň aýdan aýdymlaryna ýykgyn edip ugradym. Şo mahallar «Aýna»  teležurnalyna çagyryp, žurnalist Bibisara Hapyzowa 2-3 gezek çykyş etdirdi. Soň ýene kän gezek çykyşa çagyrdy. «Toýda aýtsam bolýar» diýip gitmedim. Bally bolsa teleýaýlymda çykyş edip başlady. Ol milli aýdym-saz sungatymyzyň Mary ýoluny diňläp ösen. Mary welaýatynyň süýji labyzly ýoly bar. Soňra ol ahal bagşyçylyk ýolunyň Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Mäne Garaýew, Rejepmuhammet Ulugow ýaly bagşylarynyň ýoluny öwrenip, iki ýoldan goşup özüne Bally Hajynyň ýoly diýdirip tanaldy.

Bally soň Türkmen döwlet uniwersitetinde okady. Ol ýerde-de propektor Ballynyň aýdymlarynyň janköýeridi. Biz Bally bilen gadyrly dostduk. Soň okuwyny gutaryp gidensoňam, öýmüze kän gelerdi. 1981-nji ýylda öýlendim. Awgustyň 28-ne Gyzylarbatda gyz tarapyň toýy boldy. Bally ilkinji gezek Gyzylarbatda çykyş etdi. Haýran galarsyňyz «Toýda Bally Hajy aýdym aýdýar» diýip, eşiden adamlaň bary gelipdir. Häzirem göz öňümde. Wagtlaýyn gurlan jaýyň üstünde oturyp aýdym diňlänler bardy. Ertesi gapymyzdaky toýda-da Bally aýdym aýtdy. Bally öýlenende-de men onuň toýunda aýdym aýtdym.

Talyp wagtymam toýlarda aýdym aýdardym. O mahallar el telefon ýok. Birek-birek bilen habarlaşmak kyndy. Ýanymda sazandarlyk edýän Bäşim Durdyýew tomusky dynç alyşda Mara öýlerine giderdi. Onsoň toýda aýdym aýtmaly bolanymda sazanda gerek bolýardy. Şonda Bäşim gelip bilmedik wagtlary Ballynyň sazandarlyk etmeginde iki-üç toýy sowupdyk. Bäşimem zehinli sazanda, ýöne Balla «Şu sazanda has gowy çalýar» diýerdiler.

Şo döwürlerde bir gün gara uly patefonda halk aýdymlarynyň estrada geçirilmedik ýazgysyny tapdym. Bir tarapynda «sygan» lakamly meşhur bagşy Orazgeldi Ylýasowyň inisi Baýram Ylýasowyň aýdan aýdymlary, beýleki tarapynda meşhur bagşy Sahy Jepbaryň aýdym ýazgysy bardy. «Ýarap borka» hemem «Altyň biri» diýen aýdymlary öň Rejep halypadan eşidip diňläp ýördük. «Aşyk men» aýdymy entek eşitmändim. Patefondan diňläp, derrew depçimi çagyrdym. Iki bolup halk aýdymlary estrada geçirmek üçin taýýarlyk görüp başladyk. Şol wagtam Bally Hajy öýmüze gelipdir. Ol öýmüze köp gelensoň, maşgala agzalarymyzyň biri ýaly öwrenşendi. Biziň türgenleşik geçip oturanymyzy görüp ünsümizi bölmän diňläp durupdyr. Bir salymdan Ballyň diňläp duranyny görüp «gel-geç» diýdim. Ol: «Häliden bäri aýdymyňyzy diňläp durun» diýdi-de, şeýlebir çalyp aýtdy. Başga ýerde diňläp öwrenendir öýtdük. «Siz aýdyp durkaňyz öwrendim» diýdi. Asyl onuň ýatkeşligi gaty güýçli eken. Özem onuň akkordeon çalmakda ussatlygy has ýokary. Biz akkordeony bir barmakda çalýas. Bally iki barmakda kwarta diýilýär. Dutar çalnanda-da goşa kirişden owaz alnyp çalynýar. Men ondan akkordeony kwarta sesde çalmagy öwrendim. Ol menden käbir aýdymlary öwrendi. Şonuň üçin bir-birimize halypa diýýärdik. Ussat sazanda Çary Täçmämmedow bir oturlyşykda: «Ýazgeldi Kuwwat diýen beýik sazanda bar. Baý bu, entek ol ahal ýolundan çalyp öwrense galabamyzy çöreksiz goýar» diýýän eken.  Bally Hajynyň ömri gysga eken, ol şeýle ussatlardan. Neresse, ogullary Ýalkapberdi, Suhanberdi kiçijikkä köplenç ýany bilen alyp gelerdi. Olar bilen deňräk gyzlarym bardy. Bileje oýun oýnap oturýanlary ýadymda. Häzir ogly Suhanberdi kakasynyň yzyny dowam edýär. Käte internetde onuň bilen ýazyşýas. Ol maňa: «Oraz kaka» diýýär — diýip gürrüň berdi.

Soňra mirasgär Baýram Goçmyradow bilen jaňlaşdyk. Ondan meşhur bagşy Bally Hajyýew barada bilýän ýatlamalaryny gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol:

— Bally Hajy neresse: «Men türkmen halk aýdymlaryny Magtymgulusyz göz öňüme getirip bilemok» diýerdi. Oňa «Näme üçin aýdym aýdanyňda gynançly aýdýaň?» diýerdiler. Ol bolsa: «Türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhy gynançly, ony obraza geçirmeseň täsirli bolmaýar» diýerdi. Ballynyň ýany bilen gidip, iki-üç toýda tamada boldum. Bir gezek Balkan welaýatynda toýda bolanymyzda, toýdan soň toý eýesi Balla täzeje «99» ýeňil ulag berdi. Şol ulag bilen Aşgabada geldik. Maşgalaly hojalyga niýetlenen umumyýaşaýyş jaýynda ýaşaýardym Ol: «Bar, gitde mugallymlaryňyzy çagyr, men olara aýdym aýdyp berjek» diýdi. Şol gezek öýmüze ýygnanan myhmanlara uzak gije aýdym aýdyp berdi, ýöne ol ýeke köpügem almady.

Bir gezegem Balkandan bir ýaşuly öýüne geldi. Ol: «Gyzymy durmuşa çykarjak bolýan welin, «Bally Hajy toýumda aýdym aýtmasa toý etjek däl» diýýär» diýip ýagdaýyny aýtdy. «Depderimi göreýin, ýaşuly. Boş günüme gabat gelse möhümiň bitdigi biläý» diýdi. Ol günem başga biriniň toýunda aýdym aýtmagy boýun alan eken. Onsoň: «Gaýrat et ýaşyly, kyn görme! Toý sähediňizde başga toýuň hyzmatyny boýun alypdyryn. Sözümden dänip bilemok, dogry düşün» diýip ugratdy. Soň bir gün ol Balkana konsert çykyşy bilen gidýär. Günüň dowamynda üç gezek konsert berýär. Üç gezekki çykyşynda-da bir ýaşuly gyzy bilen öň hatardaky oturgyçda oturýar. Konsert gutaransoň, ol ýaşuly Ballynyň ýanyna gelip: «Sen meni tanadyňmy? Men şol öýňüze baryp toýa çagyran ýaşuly, ýanymdaky oturanam gyzym» diýip, Ballyny öýüne myhmançylyga çagyrýar. Gyzynyň adamsy gowy garşylap hyzmat edýär. Bally: «Şol gezek toýňuzda aýdym aýdyp bilmändigime gynanmaň. Nesip bolsa, maşgalaňyza şu gije aýdym aýdyp berjek» diýip, uzak gije aýdym aýdýar. Gaýtjak wagtynda sowgat berjek bolsalar: «Nägile bolmasaňyz bolýar» diýip, almandyr. Ol kiçi göwün, pes päl, uly bilen uly ýaly kiçi bilen kiçi ýalydy.

Bir gezek talyp döwründe uniwersitete halypa şahyr Kerim Gurbannepesow barýar. Şonda Bally Hajy onuň goşgusyna «Ýarap borka»  aýdymy aýdýar. Kerim aga gözüni ýaşlap: «Men beýle gowy goşgy ýazandyryn öýdemokdym. Aýdymçy ussat bolanda goşgynyň derejesinem beýgeldýär» diýip arkasyna kakýar. Ballynyň bir häsiýeti bar. Aýdym aýdanda «çeküwli aýdymy haýyş etseler halamazdy. «Entek wagty däl» diýip, kem-kemden sesini işledip soň aýdyp bererdi. Men ondan: «eli ýukarak kişi toýuna tutmak islese gidýäňmi?» diýip soradym. «Boş günüme gabat gelse sogap üçin gidýän, soň ýatlaýarlar. «Pylanynyň onçakly puly bolmasa-da nädip şol bagşyny aýtdyryp bildikä?» diýýärler» diýipdi. Men onuň bilen özara gürrüňdeş bolanymda käbir zatlary gürrüň bererdim. Dutar ýasaýan ussa gürrüň beripdi: «Hemme tut agajyndan dutar ýasap bolanok. Saýasynda ýagşy söhbetler guralyp, şahalarynda guşlar saýran uzak ýaşly tut agaçlaryndan ýasalan dutaryň owazy üýtgeşik bolýar. Sebäbi tebigatyň özünde sazlaşyk bar» diýip düşündirdi — diýdim. Şonda Bally: «Türkmen keçesi barada eneňden eşiden gürrüňiňi gaýtadan aýdyp bersene» diýipdi. Türkmeniň keçesiniň bir tarapyny gülli, beýleki tarapyny gülsüz taýýarlanýar. Iki tarapy gülli keçe-de taýýarlap bolýandyr-a? — diýip enemden soradym. Ol: «Durmuş bilen bagly. Keçäniň gülli tarapyny toýda, baýramda ýazylýar, aýatda gülsüz tarapy ýazylýar. Durmuş diňe toýdan ybarat däldir, oglum» diýipdi — diýdim. Göwnüne laýyk görendir-dä,  başyny atyp makullap oturşy göz öňümde dur. Şu mahal şahyryň:

«Adam ýaşap ýörkä ýalan ýaly öljegi,

Ölenden soň bilinýär beýikleriň ölçegi» diýen setirleri ýadyma düşdi. Şol setirler Bally Haja-da degişli ýaly bolup dur. Sebäbi ol meniň üçin beýik halypalaň biri — diýip ýatlady.

Özüni ykrar etdirip, aýdym-saz sungatymyzyň taryhyna giren gaýtalanmajak zehin Bally Hajyýew barada il içinde ýatlamalar entegem kän eken.  Ynha, bu bolsa ol barada mirasgär kärdeşim Atamyrat Şagulyýewiň ýatlamalary: — Bally Hajyýew 1978-nji ýylda ilkinji gezek türkmen telewideniýesinde çykyş etdi. Häzirem ýadymda. Ak öýüň içinde milli ezýaka köýnekli özi ritmblokda saz çalyp iki sany aýdym aýdypdy. Geldi Bäşiýewiň sözlerine «Gyzlar» hemem «Görogly» şa dessanyndan «Daglara» aýdymy aýtdy. Ol bir döwürde käbir sebäplere görä teleradioýaýlymlardan çetleşdirildi. Şo mahallar «Ýedigen» gepleşiginde çykyş etmäge çagyrdym. Telim gezek çykyş etdi. Şol ýazgylaryň käbirlerini käte oglanlar maňa iberýärler. Men Bally Hajyň öýünde birnäçe gezek myhman boldum. Onuň özem öýmüze myhmançylyga gelipdi. Bir gezek Daşoguz welaýatyndan kärdeşim Amanmyrat Saparow ogul öýerende toýunda Bally Hajyýewi aýtdyrmak üçin meniň bilen onuň öýüne bile gidipdi. Soňra onuň toýuna-da gitdim. Dogrusy, Bally bilen bile gitmedik, ýöne şol toýda ol aýdym aýdypdy.

Ballynyň maşgala ojagyndaky iş otagy häzirem göz öňümde dur. Törde akkordeon, bir gyrada ritm-blok, ses güýçlendiriji apparatlar dur. Diwarda bolsa onuň dünýäni undup ritm-blogyň başynda aýdym aýdyp oturan suraty asylyp goýlupdyr. Şu mahal onuň agasy Amanmuhammet aganyň:

— Her sapar şu otaga giremde, göwnüme Bally hemişe aýdym aýdyp oturan ýaly duýgyny başdan geçirýän. Indi onuň ömri aýdymlarynda dowam edýär…— diýeni ýadyma düşýär.

Ballynyň ruhuny tutuş özünde saklap duran öýünde Amanmuhammet aga bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: «Inim Bally Hajyýew 1959-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Mary etrabynyň Peşanaly obasynda doglan. Kakam Hajy Atamämmet ogly türkmeniň geçmiş edebiýatyndan, aýratyn-da  söz ussady Magtymguly Pyragynyň mirasyndan habarly, köp dessanlary ýatdan bilýän, takwa ýaşuly bolan. Ejemiz Aýnagözel eje küren obanyň ýagşysyna ýarap ýören, türkmen halk döredijiligi lälelerden, hüwdülerden gory ýetik, şirin dilli, mähirli zenandy. Belki, şonuň üçindir, Ballynyň kükregine şirin owaz çagalygynda ene süýdi bilen ornapdyr. Ol heniz çaga wagtlary «Eý, mekdebim, jana-jan», «Toýuma gel, toýuma» diýen aýdymlary örän mylaýym owaz bilen ýerine ýetirýärdi. Oba klubynda görkezilýän hindi filmlerinde ýaňlanýan aýdym-sazlary edil bolşy ýaly gaýtalap bilýärdi. Eýýäm kiçiliginden akkordeonda özbaşdak birnäçe sazlary çalyp bilýärdi. Onsoň meniň ýardam bermegimde 1966-njy ýylda heniz ýedi ýaşyndaka ol özbaşyna akkordeon saz guralyny aldy. Bu bolsa onuň aýdym-saz äleminde ymykly ganat ýaýmagyna getirdi.

Bally ilki obamyzdaky 15-nji orta mekdebe okuwa bardy. 10-njy synpy Mary şäherindäki 6-njy orta mekdepde tamamlady. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girmegi ýüreginde besleýärdi. Şol ýokary okuw jaýynda-da bilim aldy. 1978-nji ýyl Türkmen telewideniýesiniň  «Aýdym biziň hemramyz» atly gepleşiginde ilkinji sapar onuň  «Bu gün»,  «Janyna degmez», «Aşyk men» diýen aýdymlary ýaýlyma berildi. Ol  aýdymlar geljekki estrada ýyldyzynyň sungat äleminde taýsyz ussat bolup ýetişjeginiň buşlukçysy boldy — diýip gürrüň berdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girmegi Ballynyň edebiýat bilen bir hatarda, aýdym-saz äleminiň  jümmüşine has içgin aralaşmagyna täze ýol açýar. Türkmen aýdym-sazlaryndan doly baş çykaran ussat mugallymy, sazanda Nazar Gullaýewiň sapaklary, uniwersitetiň mugallymy, meşhur «Şükür bagşy» filminde Şükür bagşynyň roluny ýerine ýetiren ussat sazanda Aman Handurdyýewiň, özi bilen bir döwürde okan meşhur aýdymçy Gurban Gummanowyň, ussat akkordeonçy Annadurdy Amanowyň halypalyk öwüt-ündewleri Bally üçin aýratyn mekdep bolýar. Şol döwür onuň «Ýetişsem», «Maral zeýrendi», «Gulpagyň», «Altyň biri» ýaly aýdymlary dilden-dile geçip, oňa uly şöhrat getirýär.

Bir pursady bolsa ol hiç mahal ýadyndan çykarmaýardy. Şirin owazy bilen aýdym-saz äleminde täze dogan ýyldyz meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň nazarynda eglenýär. Nury Halmämmedow 1980-nji ýylda geljegine uly umyt baglansoň Bally Hajyýewe ak pata berip, şeýle diýýär:

— Berrekella inim, meniň hakyky şägirdim bar eken.

— Sag boluň, halypa! Näme öwrenen bolsam, size minnetdardyryn, kinolarda döreden sazlaryňyzy çalyp, köp zat öwrendim, Alla ömrüňizi uzak etsin!

Pasyllaryň aňlatmasy boýunça aýdylanda Bally bagşyň aýdymlary bahar gülleri ýaly terdi, tomus gününiň nury ýaly şuglalydy, güýz gününiň miwesi deýin tagamlydy, kyrk çilläniň gary ýaly owadandy.

Bally Hajyýew Magtymguly Pyragynyň sözlerine 300-den gowrak aýdymy, dessanlardan 300-e ýakyn, häzirki zaman şahyrlarynyň goşgularyna mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryndan 300-e, daşary ýurt aýdymlaryndan 100-e golaý aýdymy ussatlarça aýtmagy başaran ussat. Öz döwründe ussat bagşylar Sahy Jepbarow, Han Akyýewdir Ýazgeldi Kuwwadow hem onuň zehinine ýokary baha beripdiler. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew: «Ballyň ýeke özi – ansambl. Ol saz çalanda tutuş ansambl çalan ýaly» diýse, Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Mirgeldi Işangulyýew: «Bally tanymal aýdymçy hem kompozitor. Onuň döreden «Hurmam», «Tylla gelin meniň üçin», «Mekdep ýyllarym», «Klasdaşym» ýaly onlarça aýdymlary hiç mahal könelmejek sungat eserleridir» diýip, ýokary baha berýär.

Bally akkordeon bilen bir hatarda pianino, dutar, gyjak, tüýdük, gopuz, dep, tar ýaly saz gurallaryna hem ussatlarça erk etmegi başaran aýdymçydyr. Arman ömri gysga boldy. Ol 2000-nji ýylyň 10-njy noýabrynda  41 ýaşynda bakyýete göç etdi. Tanymal aýdymçydan halkyna şirin aýdymlary ýazylan 41 sany magnitofon kassetasy, müňlerçe görnüşli diskolardyr sanly ýazgylar miras galdy. Şeýdip, bir müňe golaý aýdymy, 10 dessany ýatdan bilýän, zehinli bagşy hakydalarda baky galdy.

Dana halkymyz: «Ogully ýigide öldi diýme» diýýär. Meşhur bagşynyň iki ogly, bir gyzy bar. Ogly Suhanberdi  belent daragtyň saýasynda kemala gelen nahal ýaly boý alyp, kakasynyň goýan ýoluny dowam edýär. Ömürlik ýanýoldaşy Şeker ýar ojagyny saklap, çyn wepadarlygyň nusgasyny görkezip ýör. Oňa bütin oba guwanýar. Ballyň öýi aýdym-saz muşdaklary üçin hemişe açyk. Oňa hemra bolanlar hiç mahal dost öýüni unutmaýarlar.

Söhbedimi şahyr Öwezgeldi Mäterow bilen Amanmuhammet Hajyýewiň «Bally Hajy» atly kitabyndaky käbir jümleler bilen dowam etmek isledim. «… Bagşynyň dost-ýarlarynyň aýtmagyna görä, ol ömrüniň paýawlap barýanyny aňýana çalym edýär. «Men anna gününe geçilýän gije — juma gijesi panydan bakyýete giderin. Iru-giç uklap ýatyrkam kösenmän jan bererin. Men bu dünýe bilen hoşlaşanymda tebigat aglar — dynman ýagyş ýagar…».

Bally Hajyň bu sözleri aýdan magnitofon ýazgysy hut aşgabatda ýaşaýan söwer dosty, bagşynyň aýdym-sazynyň janköýeri Gurban Çekirowda saklanýar. Ballyň ýylynyň bellenen güni Gurban 42-nji kassetadaky bu ýazgylary märekä diňledýär.

Oýlanyp otursaň, beýik Taňrynyň aýratyn üşük beren ynsanlary öz öňünde nämeleriň garaşýandygyny duýýan borly. Külli türkmeniň söýgüli bagşysy ýagty jahan bilen ömürlik hoşlaşan güni juma gijesidi, ol agyry-ynjy duýman uklap ýatyrdy. Şol gije we ertesi ýagyş ýagyp, diňer ýerde diňmändi…

 

Miweli daragt sowulmazyndan öň saýasynda täze nahallary döredýär. Derýalar-deňizler uzap gidip, öz gursagyndan saga-sola birnäçe çeşme-çaýlary bölýär. Sungatda-da şu hili. Ussatdan — şägirt döreýär. Sungat äleminde özboluşly ýol goýan Bally Hajyýew hem öz sungaty bilen birnäçe şägurtleriň ösüp ýetişmegine ýardam etdi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýewi, Türkmenistanyň at gazanan artisti Berdi Geldiýewi, aýdymçylar Begenç Ahmedowy, Baýat Rejepowy, Bagtyýar Muhammetdurdyýewi, Begmyrat Garaýewi, Aşyr Muhammetnyýazowy görkezmek bolar.

Şeýle ýatlamalaryň sanyny entegem uzaldyp boljak, ýöne bir makalada beýan etmek mümkin däl. Okyjylary ýadatmaýyn. Esasy ýeri halkymyzyň milli aýdym-saz sungatynda özüne «Bally Hajy» diýdirip, ýüreklerden orun alyp bilen ussady ýatladyk. Şu mahalam ýatlap durkaň onuň sahnany dolduryp duran keşbi göz öňüňe gelip, şagalaňly, şowhun berip duran owazy, saz çalanda ýüregiňi yzarlap barýan owaz alyş ussatlygy tolgunma bilen duýga gaplady. Imany hemra bolsun! Yzynda galan maşgala agzalaryna, hossarlaryna ojak abatlygyny arzuwlaýarys.

Akgül Saparowa.

 

 

 

Ýene-de okaň

 Annadurdy Almämmedow: Ak daglaryň aýdymyny ýazan hudožnik

Ata Watan Eserleri

Atamyrat Şagulyýew: halypalaryň mekdebinde taplanan halypa

Atajan Annaberdiýew: hakydadan çykmajak halypa

Tokar Tugurow:reňklerden owaz eşiden hudožnik

Ata Watan Eserleri

Şöhrat Myratgulyýew: küşdi Kasparow bilen oýnasym gelýärdi

Ata Watan Eserleri

Hemra Ýusubow: manyly ömrüň ýatlamalary