BIZNES

Balkanabatly telekeçi miweçilik işiniň gerimini giňeldýär

Balkanabat şäheriniň gaýrasynda howalanyp oturan Uly Balkan dagynyň etegindäki «Düzmergen» diýen ýaýlada telekeçi Halmämmet Amanmämmedowyň miweli bagy bar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda» Karara laýyklykda Uly Balkan dagynyň etegindäki ajaýyp künjekden 22 gektar mes toprakly ýeri miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, şonuň ýaly-da ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän döwrebap ýyladyşhanany gurmak üçin, 99 ýyl möhleti bilen alan hususyýetçi bu ýerde işleri üstünlikli ýola goýýar.

Ol miweli baglaryň her biriniň ylmy esasda ösdürilip ýetişdirilişine hem aýratyn üns berdi. Munuň özi bu döwletli işe taýýarlykly girişmäge uly ýardam berdi.

Başarjaň telekeçiniň häzirki pursatda bu ýaýladaky miweli baglarynyň tutýan meýdany 5 gektara ýetýär. 2016-njy ýylda oturdylan dürli miweli nahallaryň jemi 5 müň 500 sanysy üstümizdäki ýylda öz datly miwelerini bolluk bilen eçilip başlady.

Şu ýylyň tomus möwsüminde şetdaly, erik, alma, armyt, garaly, saraly, ülje, hurma, pisse, beýi ýaly baglardan ýygnalyp, welaýatyň ak bazarlarynda sarp edijilere ýetirilen, ekologiýa taýdan arassalygy, tagamlylygy we ynsan bedenine ýokumlylygy bilen tapawutlanýan miweleriň umumy möçberi 20 tonna ýetipdir. Bu ýerde alma, armyt, şetdaly ýaly miweli daragtlaryň ir, aralyk we giç ýetişýän görnüşleriniň hem bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Miweleri ýygnamak işi güýz paslynyň ilkinji aýynda hem dowam etdirilýär. Iň esasy zat bolsa, datly miweleriň ak bazarlarda halkymyza elýeterli nyrhlardan satylýandygydyr.

Zähmetsöýer telekeçi miweli baglaryň tutýan meýdanyny giňeltmegi maksat edinýär. Şu maksat bilen, üstümizdäki ýylyň güýzünde taýýarlanylyp goýlan 7 gektar ýere üzüm çybyklaryny, 5 gektar ýere dürli miweli baglaryň nahallaryny oturtmak göz öňünde tutulýar.    

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy