Golaýda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwaly geçirildi. Bilşimiz ýaly, Aktau şäheri 2025-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.
2025-nji ýylyň 21–26-njy sentýabry aralygynda geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwalyna Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary gatnaşdy. Festiwalyň çäklerinde türkmenistanly teatr artistleri Ç.Işangulyýewiň hem-de A.Berdiýewiň pýesasy esasynda Ö.Galandarowyň sahnalaşdyran «Baýram han Türkmen» atly drama eserini görkezdiler.
Teatryň döredijilik topary halkara teatr festiwalyň ýokary baýragyna – «Sahna oýnunda milli medeniýeti iň gowy dabaralandyrandygy üçin» atly baýraga, festiwalyň Kubogyna hem-de TÜRKSOÝ-yň Hormat hatyna mynasyp boldular.
Halkara teatr festiwalyna dokuz ýurt, şol sanda Türkmenistan, Azerbaýjan, Wengriýa, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Özbegistan sahna oýunlary bilen gatnaşdy.
Festiwalyň çäginde mundan başga-da Türki medeniýetiniň halkara guramasyna – TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwalynda türki halklaryň teatr sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmakda, teatr artistleriniň, režissýorlarynyň özara tejribeleri alyşmaklarynda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetli boljak ussatlyk sapaklary, tejribe alyş maslahatlary geçirildi. Olara ýokardaky ady agzalan döwletleriň sungat we medeniýet işgärlerinden başga-da Täjigistanyň, Gagauziýanyň belli režissýorlary hem-de dramaturglary, teatr sungatyny öwreniji alymlary gatnaşdylar.
Festiwalyň çäginde görkezilen teatr egin-eşikleriniň, dekoratiw-bezeg gymmatlyklarynyň, milli saz gurallarynyň, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlaryna degişli eserleriň sergilerine-de giň orun berildi.
Halkara festiwalyň eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew gatnaşdy hem-de ol TÜRKSOÝ-yň Hormat haty bilen sylaglandy.
Ýurdumyzdan wekilçilik eden sungat we medeniýet işgärleri festiwalyň çäklerinde Hazar deňziniň gazak kenarynda ýerleşýän Aktau şäheriniň gözel ýerlerine syýahat etdiler. Şäheriň gözellikleri sungat ussatlarynyň döredijilik ylhamyny has-da joşdurdy.