JEMGYÝET

Balkan welaýatynyň baş metjidi açyldy

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Balkanabat şäherinde welaýatyň baş metjidi guruldy.

Milli Liderimiz ýaşulylar bilen bilelikde metjidiň içine girip gördi. Welaýatyň baş metjitinde ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi barada doga-dileg edildi.

Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň galam hakyndan toý sadakasyny berdi. Milli Liderimiz toý sadakasynda eden çykyşynda türkmen halkynyň özüniň milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlar boýy saklap we gorap gelýän halkdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz yslam dininiň hem halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

Balkan welaýatynyň baş metjidi döwrebap we häzirki zaman ülňülerinde guruldy. Bu metjidiň umumy meýdany 14,5 gektardyr. Onuň binasy 2 gatdan ybaratdyr. Bir wagtyň özünde bu ýerde 3 müň adam namaz okap bilýär. Metjidiň minaralarynyň her biriniň boýy 63 metr. Gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem metjidiň gapdalynda 1 müň 500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga bar.

Metjidiň daş-töweregi abadanlaşdyryldy we müňlerde agaç nahallary oturdyldy.

Balkanabat şäheriniň görküne görk goşýan bu metjit ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň türkmen gurluşykçylary tarapyndan guruldy.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi