JEMGYÝET

Balkan welaýatynda ýeralma we sogan ekişi tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň importuň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilik baradaky tabşyryklaryna jogap edip, ýurdumyzyň ekerançylary yhlasly zähmet çekýärler. Bu işde Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary hem çetde duranok ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, welaýatyň daýhanlary 600 gektar ýerde ýeralma, 500 gektar ýerde bolsa sogan ekmek işlerini üstünlikli tamamladylar. Daýhanlar ol ýerlerden jemi 8 müň 400 tonna ýeralma, 12 müň 500 tonna sogan almagy meýilleşdirýärler. Şu günler daýhan birleşikleriniň kärendeçileri irki gögeriş alnan meýdanlarda ideg işlerini guramaçylykly geçirýärler.

Şu ýyl welaýat boýunça jemi 2 müň 370 gektar meýdanda pomidor, käşir, kelem, hyýar, gawundyr garpyz ýaly gök we bakja ekinlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Ekiş işlerini öz wagtynda tamamlamak ugrunda Serdar etrabynyň «Goç», Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşikleriniň daýhanlary yhlasly zähmet çekýärler. Işleriň häzirki depgini olaryň gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak baradaky asylly maksatlarynyň üstünlikli amala aşjakdygyna şaýatlyk edýär.

 

Uçurymlary işe ýollanylmagynyň tertibi barada maglumat

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

Ata Watan Eserleri

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde