BIZNES

Balkan welaýatynda iri himiýa zawody gurlar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýyllyk kuwwaty 100 müň tonna kalsinirlenen sodany we 30 müň tonna kaustik sodany öndürmäge ukypy zawody gurmak boýunça açyk bäsleşik yglan edýär. Bu önümçilik kärhanasy Balkan welaýatynyň çäginde gurlar.

Türkmenistanyň günbatar durmuş-ykdysady sebiti özüniň mineral serişdelere baý gorlary bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin-de, bu ýerde iri senagat önümçilik toplumlarynyň birnäçesi hereket edýär.
Gurluşyga gatnaşmak üçin hukuk ýagdaýyny görkezmek bilen arza, daşary ýurt walýutasynda goşmaça salgyt üçin girdeji tabşyrylmalydyr.

Resminamalar bukjasyny bildiriş çap edilenden soň, 30 günüň içinde şu salga tabşyrmalydyr:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýly, 132.
Telefon belgileri: (+99312) 39-01-62, 39-01-58.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder