BIZNES

Balkan welaýaty energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine baý sebit

Balkan welaýaty diňe bir uglewodorod serişdelerine, önümçilik gorlaryna baý bolmak bilen çäklenmän, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine bolan uly mümkinçiliklere-de eýedir. Bu barada “Türkmenistan” gazetindäki habarda bellenilip geçilýär.

Gün şöhlesiniň bollugy, ýeliň tizliginden peýdalanmakda bar bolan mümkinçilikler welaýatyň hem-de tutuş ýurduň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna oňyn şert döredýär. Sebitde ýylyň 365 gününiň 230-a golaýy bulutsyz, güneşli hem maýyl howaly bolýar. Iýul aýynda güneşli howa gije-gündiziň 16 sagadyna çekýär. Welaýatda ýangyç-energetika ugurly gazturbinaly elektrik beketler bilen bilelikde awtonom ýagdaýda işleýän Gün elektrik beketlerini, ýeliň tizligi bilen işleýän beketleri gurup, işe girizmäge giň mümkinçilikler bar.

Alysda ýerleşýän çarwa obalarynda, demir ýol bekedini etekläp oturan ilatly nokatlarda, ýokary tizlikli awtoýollaryň ugurlarynda ýel pyrlampaçlaryny, Gün batareýalaryny peýdalanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmäge we peýdalanmaga giň ýol açylar. 

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna daşary ýurt kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga we elektrik stansiýasyny 2024-nji ýylyň başyna ulanmaga bermek baradaky Karara gol çekildi. Şoňa laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak, şeýle-de ilatly ýerlere ýokary güýjenmeli elektrik geçirijisini çekmek üçin zerur bolan enjamlary we serişdeleri satyn almak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkiýä tebigy gazyň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär

Hytaý kompaniýasy Hazarda ýel energetika taslamasy bilen gyzyklanýar

Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi

Astanada Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistan bilen Russiýa ulag hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Gazagystan bilen Italiýa 180 million ýewrolyk şertnamalara gol çekdiler