JEMGYÝET

«Balkan» gämi gurluyk we abatlaýyş zawodynyň resmi saýty döredildi

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň düzümindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde sanly ulgam, elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy. Şonuň esasynda balkanshipyard.com.tm elektron saýty döredildi. Gyzyklanma bildirýänler bu saýt arkaly giňişleýin we ynamdar maglumatlar goruna aralaşyp bilerler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu AGPJ-niň esasy maksady deňziň türkmen kenarynda täze gämileri gurmak, şeýle hem dürli görnüşdäki gämilerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmekdir. Mundan başga-da ol deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan gämileri, nebit we beýleki işlerde ulanylýan dürli hyzmat ediji gämileri we ýüzüji serişdeleri tehniki taýdan gözden geçirmek işlerini-de alyp barýar. Olary abatlamakda hem-de enjamlaýyn hyzmatlary ýerine ýetirmekde bu ýerde döwrebap şertler döredilendir. Senagat we hojalyk maksatly önümçilik, uly ölçegli demir listleri işlemek, bug gazanlarydyr metal gurnamalary ýasamak işleri hem hut şu ýerde alnyp barylýar.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň goşmaça hyzmatlary-da bar. Köprüler üçin dürli ölçegli demir gurnamalary we şäherlerimiziň görküne görk goşýan yşyklandyryş direglerini ýasamakda uly tejribe toplanyldy. Şonuň bilen birlikde, dürli görnüşli we ölçegli haýatlary, germewleri ýasamak, wallary ýonmak ýaly önümçilik işleri hem alnyp barylýar. Işleriň şeýle ýokary hil derejesinde alnyp barylmagyny gazanmakda we ýola goýmakda, elbetde, halkara tejribe hem içgin öwrenilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçirilýän sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlarydyr söhbetdeşlikleriň netijesinde, kärhananyň hünärmenleri senagat pudagynda mynasyp orny eýelemegi we dünýä çykmagy öz öňlerinde anyk wezipe edip goýýarlar.

Bu zawod Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen bilelikde 2018-nji ýylyň maý aýynda açyldy.

 

Hytaýyň taryhynda iň gymmat super awtoulag

 

 

Ýene-de okaň

 “CIET 2025”: Arkadag şäheri halkara derejesinde ýokary baha aldy

Awazada “CIET 2025” halkara sergisi we maslahaty başlady

Türkmenistandan dünýä ýalkym saçan akyldarlar: Ibn Sina we Al-Biruni

Türkmenistan Gazagystan serhedine çenli awtomobil ýoluny gurar

Ata Watan Eserleri

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid zawodynyň düýbüni tutdy

Ata Watan Eserleri