SIZDEN GELENLER

Balgaýmak iýeýin diýseňiz…

Bereketli türkmen saçagynda dürli-dümen, datly tagamlaryny elbetde bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Enelerimiziň we ejelerimiziň bize bişirip berýän süýjüden-süýji naharlary sanardan gaty kän. Ýöne häzirki günlerde ýaşlaryň arasynda az bilinýän, esasan-da obalarymyzda çaý başynyň naýbaşy, baldan datly balgaýmak  barada aýdyp geçmek isleýäris.

Balgaýmak –  adyny süýdüň iň bally  ýeri hasaplanylýan gaýmakdan alýan bolsa gerek. Balgaýmagy gowy görýänler üçin işiniň ussatlaryndan, enelerimiz we ejelerimizden onuň taýýarlanyşyny sorap, has içgin öwrendik. Balgaýmagy taýýarlamak üçin düzümine goşulýan esasy önümleri: süýt bilen şeker bolup durýar, şeýle hem müň derdiň dermany bolan düýe süýdünden taýýarlansa has ýerine düşýär diýip belläp geçdiler.

Balgaýmagy taýýarlanylan wagty düzümine goşulýan önümlerini  esasan  belli bir ölçegde däl-de, göz ölçegi bilen goşulýar. Meselem: ulurak alýumin gazanyň (7-8 litrlik) içine 5 litr süýt bilen 3 käse şekeri bile guýup, garyp başlamaly. Balgaýmagy taýýarlanylan wagty iň esasy zatlar, onuň näçe wagt gaýnamalydygy we üznüksiz garylyp durmagydyr. Aşa  köp gaýnasa, balgaýmagyňyz gaty bolar, bolmalysyndan az gaýnasa-da tagamsyz we görnüksiz bolar. Şonuň üçin hem balgaýmagy iki sagada golaý yzygiderli kepgir bilen çalyp garmaly. Taýýar bolandan soň sowadyp islegiňize görä, şekillendirip bilersiňiz. Islege görä künji hem goşup bilersiňiz!

Balgaýmagyň taýýarlanyşy sada görünse-de, uly zähmet, güýç-kuwwat gerek. Galyberse-de, onuň tagamyny dadyp görenler bahasyna ýetip bolmajak lezzetde süýji diýip baha berýärler. Siz hem türkmeniň gadymdan gelýän bu tagamyny iýip  görseňiz, gaty halarsyňyz diýip umyt edýän.

Işdäňiz açyk bolsun!

Tuwak Orazgylyjowa,

Türkiýäniň Ondokuz Mayıs Uniwersitetiniň Hukuk fakultetiniň talyby

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty