BIZNES

“Bäherden” keramiki önümler kärhanasyny işe giriziler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen hem-de senagat önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenen täze senagat kärhanalary gurulýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň üstünlikli tamamlanmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Bu täze kärhananyň işe girizilmegi ýerli gurluşyk önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny, senagat kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlarynyň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere täze “Bäherden” keramiki önümler kärhanasyny işe girizmek boýunça taýýarlyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär