BIZNES

Bahasy $12 milliondan gowrak bolan giň görnüşli nebit önümleri eksporta ýerlenildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $12,2 million hem-de 10,7 million manat bolan 14 geleşik baglaşyldy.

Owganystanyň işewür toparlary 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy $972 müň satyn aldylar. STG-niň bir tonnasynyň bahasy $486 deň boldy. Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjynyň 3,5 müň tonnasyny $3,8 million (bir tonnasyna $1 086) satyn aldylar.

BAE-niň hem-de Türkiýäniň işewürleri umumy bahasy $3 million (bir tonnasyna $1 müň) bolan ýakylan nebit koksunyň 3 müň tonnasyny satyn almaga geleşik baglaşdylar. Şeýle hem, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri $4,5 milliona (tonnasyna $901) deň bolan peç ýangyjynyň 5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçi 10,7 million manatlyk tehniki külkelenen kükürdiň 5 müň tonnasyny satyn aldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Related posts

Türk şirketinden özel sektöre dijital teknoloji tedariki

vepa

Türkmenistan-BAE: korrespondent hasabyny açarlar

Türkmenistan’dan Hindistan’a doğru: TAPİ projesinin stratejik önemi

vepa

Leave a Comment