Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Şonuň netijesinde, her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilýär. Düýn hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen gol çeken täze Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda 2022-nji ýylda 3 million düýp nahalyň oturdylmagy meýilleşdirilýär.
Bilşimiz ýaly, her ýylda ýurdumyzda dürli miweli, saýaly we pürli baglaryň, ýylyň dört paslynda hem gök öwsüp otyrýan arça agaçlarynyň dürli görnüşleri ekilýär. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem uly depginler bilen alnyp barylýar. Zähmetsöýer halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda şeýle çärelere uly ruhybelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.
Ekilýän nahallaryň dürli sebitleriň toprak-howa şertlerine has durnukly görnüşlerini saýlap almaga hem uly ähmiýet berilýär. Alymlaryň we hünärmenleriň maslahatlaryna görä, ýollaryň ugrunda hem-de şäherleriň hem-de obalaryň golaýynda ekilýän pürli agaçlar daşky gurşawy zyýanly gazlardan we tozan garyndylaryndan 6-7 esse köp hem-de çalt arassalaýandygy, adamlaryň saglygyna oňat täsir edýändigi bilen tapawutlanýar.
Umuman, türkmen halkymyz bag ekmegi sogap iş hasaplapdyrlar. Ine, şu asylly işler häzirki döwürde hem Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Aýmuhammet Öwezmuhammedow,
TOHU-nyň talyby.