BIZNES

BAE-niň kompaniýalary «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine gatnaşarlar

Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň jemleri boýunça Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi.

Bu resminamada taraplar Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşmaklary barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar saparyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini goldadylar.

Taraplar Türkmenistanda geljegi uly energetika taslamalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmekde, uglewodorod serişdelerini bilelikde işläp geçmekde, soňra önümleriň marketing bilen, şeýle hem gaz-ulag düzümlerini ösdürmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Ähtnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Şu maksatlar bilen, taraplar nebitgaz ulgamynda, şol sanda maýa goýum işinde bilelikdäki işleri hem-de taslamalary goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, bu ugurda dürli başlangyçlary we taslamalary goldamagy ylalaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň energetika kuwwatyny ösdürmek, energiýa serişdelerini ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak üçin özara bähbitli ykdysady, hukuk we tehniki şertleriň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Merkezi we Günorta Aziýa, şeýle-de Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin energetika serişdelerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer