BIZNES

BAE arassa energiýa üçin 163 milliard dollar maýa goýýar

Birleşen Arap Emirlikleri 2050-nji ýyla çenli arassa we alternatiw energiýa üçin 163 milliard dollar maýa goýar. BAE-niň Premýer-ministri we Dubaýyň Emiri Muhammet bin Raşid Al Maktum göz öňünde tutulan maýa goýumlary bilen howanyň hapalanmagynyň öňüni almak isleýändiklerini mälim etdi.

Birleşen Arap Emirlikleri 2017-nji ýylda “2050-Energiýa strategiýasyny” yglan etdi. Bu strategiýa bilen, kärhanalaryň sarp edijiliginiň netijesini 40 göterim ýokarlandyrmak, öndürilen arassa energiýasynyň paýyny 25 göterimden 50 göterime çenli ýokarlandyrmak we 700 milliard dirhem (190,6 milliard dollar) tygşytlamak maksat edinilýär.

Howanyň arassalygy, tehnologiýa, Ýel we Gün ýaly, alternatiw energiýa ulanmak arkaly hapa gazlarynyň zyňyndylaryny mümkin boldugyça azaltmak diýmekdir.

Türkmenistan bilen Russiýa ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder