SIZDEN GELENLER

Azyk iýmitleri barada gyzykly maglumatlar

Ynsan ömrüniň iň wajyp meseleleriniň biri-de sagdyn we dogry iýmitlenmekdir. Çünki bu düzgün adam bedeniniň zerur talaplarynyň biridir. Dogry iýmitlenmek beden agzalarynyň ählisine özüniň uly täsirini ýetirip, olaryň sagdyn bolmagy üçin ähmiýetlidir.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, fiziki we ruhy täsirler wagtyň geçmegi bilen beýniniň işjeňligini peseldip bilýär. Munuň üçin kadaly, dogry iýmitlenip, beýnimize ýardam etmelidiris. Sebäbi kadaly iýmitlenmek diňe bir aşgazanymyz üçin däl, eýsem, beýni we degna ulgamymyz üçin hem örän ähmiýetlidir. Lukmanlar degna dartgynlylygynyň, ýagny ruhy çökgünliligiň 22 sany keseliň ýüze çykmagynyň sebäbidigini anykladylar. Bellenişi ýaly, degna dartgynlylygy ýüregiň işemiýasy, demgysma we aşgazan-içege näsazlygy ýaly keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Munuň üçin peýdaly ýokumlary yzygiderli kabul edeliň we beýnimiziň işjeňligini goralyň!

C, E we A ýokumlaryň yzygiderli kabul edilmegi beýni üçin iň zerur we peýdalysydyr. C ýokumy pikirlenişiň işjeňligi üçin peýdaly bolup, ol diňe bir sitruslar däl, eýsem, islendik gök önümde hem gabat gelýär. Şeýle-de C ýokumy gara smorodinada, oblepihada we itburun miwesinde baýdyr. E ýokumy ösümlik ýagynda, süýtde, mesgede we ýumurtgada duşýar. Ol beýni öýjüklerini goraýar. A ýokumy bolsa bolgar burçunda, süýt önümlerinde, balykda duşýar.

Dogry iýmitler bilen deňagramly iýmit sagdyn bedeniň özenidir. Dogry, dürli halklaryň tagam islegleri gaty üýtgeşik, dünýäniň bir künjeginde sagdyn we peýdaly hasaplanýan iýmitler başga bir ýerde sarp edilmän bilýär.

Ine, şu ýerde azyk iýmitleri barada käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:

  • Irden oýanmak kynrak bolýan bolsa, onda bir bulgur güýçli kofeniň ýerine terje alma gowy kömek eder.
  • Kofe we çaý köp sanly adamda güýçli endige öwrülýär.
  • Fugu balyklary dünýädäki iň howply iýmit hasaplanýar. Nädogry bişirilen bolsa, diňe bir bölek iýeniňizden soň aňsatlyk bilen saglygyňyzy ýitirip bilersiňiz. Fugu diňe Ýaponiýanyň iň gowy restoranlarynda hödürlenýär.
  • Häzirki wagtda dünýäde esasy iýmitlerimiziň biri bolan çörek, oňa köp sanly goşmaça maddalar goşulýar.
  • Köp möçberdäki kofe adamlary zäherläp biler.
  • Umuman, dünýäde iýmit üçin ulanylýan ösümlikleriň takmynan 2 müň görnüşi ösdürilýär.
  • Saçaklarymyzda hödürlenýän tagamlary köplenç täze otlar bilen bezelýär. Bu örän köne däp, mysal üçin gadymy rimliler petruşkany bu maksat bilen ulanypdyrlar.
  • Sarymsagyň ysy çybynlary ýok edýär.
  • Filippinlerden başga Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde süýt önümlerine isleg örän az.
  • Alma we şetdaly beýleki miwelerden has köp pestisidleri siňdirýär.
  • Sogan dogran wagtyňyz ötgür gaz bölüp çyklarýar, ol hem gözleri ýaşardýar.
  • Etli iýmitleriň arasynda iň meşhury towuk we sygyr etidir.
  • Banan köp ýurtda gaty meşhur. Diňe Hindistanda ýylda 20 million tonnadan gowrak ösdürilip ýetişdirilýär.
  • Ähli miweleriň arasynda meşhurlygy boýunça birinji orunda amla durýar. Bu sanawda ikinji orunda apelsin barýar.
  • Bal beýleki iýmitlerden has uzak saklanyp bilner. Birnäçe şertleri göz öňünde tutup, ony 2000-3000 ýyla çenli saklap bolar.
  • Günorta-Gündogar Aziýada gaty ajy burç ähli tagamlaryň aýrylmaz bölegidir.
  • Dünýädäki sarymsagyň dörtden üç bölegi Hytaýda ösdürilip ýetişdirilýär – ýylda 10 million tonnadan gowrak sarymsak ýetişdirilýär.
  • Hyýar beýleki miwelere garanyňda, has köp suwy (97-98% -e çenli) öz düzüminde saklaýar.

 Aýdogdy Hezretgulyýew, TOHU-nyň talyby.

 

 

Kitap barada gyzykly maglumatlar

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika