JEMGYÝET

Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidentiniň Türkmenistana sapary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafary kabul etdi.

Welosiped sporty boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzda welosiped sportunyň soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine we onuň raýatlarymyzyň arasynda giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlary geçirilýär, türkmen türgenleri halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan sportuň ähli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlaryny geçirmäge ukyplydyr we Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigindäki ajaýyp ýapyk welotrek binasyny ulanmagyň mümkinçiliklerine garamaga taýýardyr.

Öz gezeginde Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafar Türkmenistanyň iri sport ýaryşlaryny birkemsiz guramakda tejribe toplandygyny, bu bolsa ýurdumyzda dünýä ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz we myhman özara düşünişmegiň ýokary derejesine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Osama Al Şafaryň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň Emirlikler böleginiň başlygy bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň BAE bilen iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidini esasy ugur edinýän dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady