SPORT

Aziýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy topary belli boldy

23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi belli boldy.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine türgenler, olaryň tälimçileri bilen bir hatarda lukmançylyk işgärleri we metbugat gullugynyň wekilleri goşuldy we jemi 104 adam wekilçilik eder.

Umuman alanyňda, Aziýa oýunlary maksatnamasy 42 sport görnüşini öz içine alýar, türkmen türgenleri olaryň 12-sinde Türkmenistana wekilçilik eder.

Türkmenistan milli ýygyndysynyň düzümi:

Basketbol 3 × 3: Ýewgeniý Nazipow, Döwlet Narmyradow, Maksat Hojaberdiýew, Kirill Beş.

Boks: Daýanç Annaseýidow, Hursand Imankuliýew, Baýramdurdy Nurmuhammedow, Şatlyk Sarýew, Arslanbek Açilow.

Erkin göreş: Atajan Meretdurdiýew, Gurbanmuhammet Çaryýew, Perman Hommadow, Döwletmyrad Orazgylyjow, Şatlyk Hemelýaýew, Ziýamuhammed Saparow.

Grek-rim göreşi: Arslanbek Zakirbaýew, Mansur Nurberdeýew, Jeýhun Öwezdurdiýew, Azim Annamammedow, Amanberdi Agamammedow, Aýbegşazada Kurraýew

Dzýudo: Kurbanaý Kurbanowa, Saýara Rozýewa, Maýsa Pardaýewa, Zulhumar Daşkinowa, Aýbek Ömirow, Hekim Agamämmedow, Parahat Nazarow, Mamedali Açildiýew, Baýmýrat Madhanow.

Jiu-jitsu: Şyhberdi Rahmanow, Isa Kasymow, Jelilmuhammet Hojamyradow, Saýara Awezmetowa.

Karate-do: Arzuw Seýtgulýew, Baýri Baýryýew, Dawut Nazmyradow, Şatlyk Allakow.

Kuraş: Şamuhammet Kurbanow, Işanmyrat Ataýew, Tejen Tejenow, Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Jahan Muhammedowa.

Ýeňil atletika: Mergen Mammedow, Jennet Muhamowa.

Suwda ýüzmek: Merdan Ataew, Musa Halaýew, Arslan Gaýypnazarow.

Agyr atletika: Ýulduz Jumabaýewa, Kristina Şermetowa, Anamhan Rüstamowa, Seýitjan Mirzaýew, Bunýad Raşidow, Bektimur Reýimow, Gaýgyzyz Töräýew, Şatlyk Şohradow, Dawranbek Hasanbaew, Hoyjamuhammet Toýçiýew

Uşu: Agajumageldi Ýazymow, Maksat Handurdiýew, Mekan Paltaýew, Muhammet Jumamyradow, Aýlar Melikowa, Gözel Rahmedowa.

 

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler