BIZNES

Aziýa Ösüş banky Türkmenistanyň demirýol ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goldaw berýär

Aziýa Ösüş banky (AÖB) Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Türkmenabat, Mary, Aşgabat we Türkmenbaşy arasynda 1147 km demirýol liniýasyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada bankyň Türkmenistandaky wekili Аrtur Andrisiak “Trend” habarlar gullugyna habar berdi.

– Şu möhüm taslama gündogar-günbatar ugry boýunça 1147 km-lik demirýol liniýasyny döerebaplaşdyrmaga we elektrikleşdirmäge ýardam eder. Bu hem Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Tükrmenbaşy şäherini paýtagt Aşgabat hem-de Mary welaýaty bilen Özbegistan bilen serhetleşýän Türkmenabat şäherlerini birleşdirer – diýip, Аrtur Andrisiak belledi.

Resmi wekiliň bellemegine görä, bu taslama Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ulag geçelgeleriniň bir bölegi bolup, bu ugur diňe bir Merkezi Aziýanyň söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem Hytaý bilen Ýewropa, şeýle hem Ortaýer deňzi bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky yklymara gatnamalar üçin hem möhümdir.

Taslamanyň birinji tapgyrynyň 171 kilometrlik Aşgabat-Duşak bölegi 2025-nji ýylda tamamlanar. Bu tapgyrda demirbeton şpal önümçilik zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ikinji tapgyrda Duşak Mary bölegi döwrebaplaşdyrylar, soňra Mary-Türkmenabat hem-de Aşgabat-Tükrmenbaşy ugurlarynda döwrebaplaşdyrmak işleri geçiriler.

Bu taslamanyň Türkmenistanyň demirýol ulag ulgamynyň netijeliligini, ygtbarlylygyny hem-de howpsuzlylygyny ep-esli ýokarlandyrar.

Aziýanyň Ösüş banky Tükrmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir, ýurduň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goldaw berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder