JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Prezidenti Awazadaky forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Ilham Aliýewiň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan netijeleriň we gol çekilen resminamalaryň ähmiýeti bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň Baştutanyny we halkyny bu taryhy ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen gutlady.

Prezident Ilham Aliýew ýakynda Awazada guralan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, Azerbaýjanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu halkara forumyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny aýtdy hem-de Azerbaýjanyň wekiliýetiniň bu maslahata ýokary derejede gatnaşandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Awazada Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň ähmiýeti bellenildi. Söhbetdeşler üç ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça giňeltmek, hususan-da, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem «Awaza» kongresler merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda şu ýylyň güýzünde Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bagly meselelere seredildi. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürüldi.

Şeýle hem söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar.

Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik azerbaýjan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti: BMG-niň Awaza forumyna bagyşlanan ýörite sany

“Ata Watan Media” topary BMG-niň Awaza forumyny gyzgyny bilen okyjylara ýetirdi

BMG-niň Awaza forumy tamamlandy: deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin täze durmuşyň başlangyjy boldy

Oguljahan Atabaýewa Zenan ýolbaşçylaryň forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Afrika döwletleriniň wekiliýet ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy