JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Ilçihanasy Aşgabatda geçirilen “Diplomatiýa Güni” atly halkara sergisine gatnaşdy

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen “Diplomatiýa Güni” mynasybetli geçirilen halkara sergisine gatnaşdy.

Serginiň çäklerinde Azerbaýjanyň baý taryhy mirasyny, medeniýetini, sungatyny we syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezýän neşirler, broşýuralar, sowgatlyklar we milli senetçilik nusgalary görkezildi. Şunuň bilen birlikde, “Made in Azerbaijan” brendi ady bilen öndürilen önümler sergilendi we gatnaşyjylara hödürlendi.

 

Şeýle hem, milli egin-eşikleri hem görkezilip, Azerbaijan.travel platformasy tanyşdyryldy. Myhmanlara Azerbaýjanyň baý milli tagamlary barada maglumat berildi, dürli däp bolan tagamlar we süýjülikler paýlanyldy.

Çärede Azerbaýjanda” Şäher gurluşygy we binagärlik ýyly” çäginde Baku şäherinde maý aýynyň 17-22-i seneleri aralygynda geçiriljek WUF13 çäresi, şeýle him ýurduň durnukly şäherleşmegi, inklýuziw şäher meýilnamalaşdyrylyşy we durnukly ösüş maksatlary barada giňişleýin maglumatlar berildi we Azerbaýjanyň global şäher meýilnamalaşdyrylyşynyň gün tertibinde artýan orny barada maglumatlar berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary Işler Ministri Raşid Meredow ýurduň resmileri we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen bilelikde Azerbaýjanyň diwarlygy bilen tanyşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady