DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni Türkmenistanda bellendi

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda 28 Maý – Garaşsyzlyk Güni mynasybetli  resmi kabul edişlik geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Iki ýurduň döwlet senasy ýaňlanandan soň, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow çykyş edip, 107 ýyl mundan ozal, 1918-nji ýylyň maý aýynyň 28-ne Gündogarda ilkinji demokratik döwlet hökmünde gurulan Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň taryhy ähmiýeti barada aýtdy.

Ilçi Gismat Gozalow öz çykyşynda bu gün Azerbaýjanyň Ýewraziýa giňişliginde köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde möhüm rol oýnaýan energiýa, ulag we logistika başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny aýtdy. Azerbaýjan Ýewropany we Aziýany birleşdirýän strategiki energiýa koridorlary, halkara demir ýol we transport ulgamlary, ýaşyl koridorlar we alternatiw energiýa geçiriji taslamalary arkaly global hyzmatdaşlykda esasy rol oýnaýar. Ilçi, Azerbaýjanyň energiýa syýasatynda möhüm üýtgeşmeler girizmek bilen, diňe bir nebit we gaz eksportçysy däl, eýsem şol bir wagtyň özünde ygtybarly ýaşyl energiýa hyzmatdaşy hökmünde hem pozisiýasyny güýçlendirýändigini aýtdy.

Ilçi Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçip, gymmatlyklary bir bolan dogan ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy. Gismet Gozalow Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn möhümdigini we bu gatnaşyklaryň umumy taryhy, dil, etnik we medeni baglaryna, şeýle hem umumy ata-babalara esaslanýandygyny aýtdy. Ilçi, ýurduň ýolbaşçylarynyň öňdengörüji syýasaty saýasynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki hyzmatdaşlygyna çykandygyny, häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda üstünlikli çuňlaşýandygyny aýtdy.

Ilçi, parlamentlarara gatnaşyklaryň we Daşary Işler Ministrlikleriniň arasyndaky gepleşikleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini, bilelikdäki hökümetara toparyň çäginde syýasy, ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň ösýändigini aýtdy.  2024-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň takmynan 384 million ABŞ dollaryna barabar bolandygyny we bu görkeziji gatnaşyklaryň çalt ösýändigini görkezýär, 2025-nji ýylda has hem artjakdygyna umyt edýändigini aýtdy.

Gismat Gozalow, 2025-nji ýylyň Azerbaýjanda “Konstitusiýa we özygtyýarlylyk ýyly”, Türkmenistanda bolsa “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine ünsi çekip, bu kararlaryň iki ýurduň parahatçylyga, durnuklylyga we umumy ösüşe bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny görkezýändigi aýtdy.

Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gatnaşyp, ol öz çykyşynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlagyny ýetirip, Azerbaýjana gülläp ösüş we üstünlik arzuw etdi. Iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky ýokary derejeli gepleşikleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi berendigini, halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň taryhy köklere esaslanýandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlary öz içine almak bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň çalt ösmegi begendirýändigini belläp geçdi.

Çärede Azerbaýjanyň nusgawy sazlary ýaňlandy. Şeýle hem çärä gatnaşyjylara Azerbaýjanyň milli tanslary görkezildi.

Myhmanlara Azerbaýjan tagamlarynyň, süýjüleriň we milli içgileriň nusgalary hödürlendi.

Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjanyň taryhy mirasyny, inçe sungatyny, halyçylyk sungatyny we syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezen eserler, milli saz gurallaryny, şeýle hem “Made in Azerbaijan” brend önümlerini görkezýän önümleriň sergisi guraldy.

Çärä Türkmenistandaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş seridşeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Fatima Tuz Zehra: Aşgabat – gözellik, parahatçylyk we ösüş paýtagty

Ata Watan Eserleri

Duşenbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi

Türkmenistanda galla oragyna girişilýär

Italiýanyň Premýer-ministri Özbegistanda resmi saparda boldy

Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň Belgiýa sapary

Türkmenistan YHG-niň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdy