BIZNES

Azerbaýjandan Pars aýlagyna çenli demirýoly gurlar

Eýran bilen Russiýa Azerbaýjan bilen Eýranyň serhetleşýän Parsabad şäherinden ýurduň Pars aýlagynyň kenaryndaky Bender-Abbas portuna çenli demirýol gurluşygy boýunça gepleşikler geçirýär.

Bu barada Eýranyň Moskwadaky ilçisi Kazem Jalali habar berdi. Onuň bellemegine görä, rus tarapy Reşt-Astara demirýol liniýasy bilen bir hatarda Parsabad-Bender-Abbas demirýol gurluşygyna maýa goýmagy maksat edinýär.

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian öz ýurdunyň Moskwadaky ilçisi bilen duşuşdy. Bu duşuşykda Pezeşkian ýurduň demirýol torunyň demirgazykdan günorta tarap giňeldilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny belläp, munuň Russiýanyň hem-de Eýranyň ykdysady zerurlyklaryny üpjün edip biljekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy