BIZNES

Azerbaýjan Türkmenistana pagta süýümini eksport edip başlady

Azerbaýjanda bu ugurda iş alyp barýan “MKT İK”, “Azərpambıq” we “P-Agro” kompaniýalary paýta süýüminiň eksportuny amala aşyrarlar.

Bakuwyň halkara söwda deňiz porty arkaly gämiler bilen ilkinji tapgyrda Türkmenistana 30 müň tonna möçberinde pagta süýümi iberiler.

Geljekde pagta süýümi bilen bir hatarda Türkmenistana pagtany gaýtadan işleýän beýleki önümleri ibermek meýilleşdirilýär. Bu ugurdaky gatnaşyklar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşup, şol san-da logistika we söwda gatnaşyklaryň hem işjeňleşdirilmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.

Azerbaýjan Türkmenistan we Özbegistan bilen dokma senagatyny ösdürmek ugrunda degişli işleri alyp barýar. Azerbaýjan Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýe, Russiýa, Eýran, Belarus, Bangladeş, Şweýsariýa ýaly döwletlere pagta süýümini eksport edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder