BIZNES

Azerbaýjan Türkmenistan we Türkiýe bilen gol çeken şertnamasyny tassyklady

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda gol çekilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygy tassyklamak baradaky karara gol çekdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň internet saýtynda berlen maglumata görä, bu ylalaşyk 2022-nji ýylda Türkmenbaşy şäherinde gazanylypdy.

Üçtaraplaýyn sammitiň çäklerinde gol çekilen ylalaşyk Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň gol çeken kararyna laýyklykda, Azerbaýjanyň Maliýe ministrligi bu ylalaşykdan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek işini alyp barar.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi bolsa, bu ylalaşygyň azerbaýjan tarapyndan tassyklanandygy barada Türkmenistanyň we Türkiýäniň hökümetlerine maglumat berer.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça möhüm ylalaşyklar gazanylypdy we bu ylalaşyklaryň özara söwda dolanşygyny ösdürmäge goşant goşjakdygy bellenilipdi.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler