Azerbaýjanyň Laçin şäherinde Azerbaýjan-Türkiýe-Pakistan görnüşinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýewiň, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdoganyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammet Şahbaz Şarifiň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji sammitde döwletleriň çalt ösýän ykdysady mümkinçilikleri nazarda tutulyp, söwda-ykdysady we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Syýasy, ykdysady, energetika, özara maýa goýumlary, ulag, goranyş, oba hojalygy, maglumat tehnologiýalary we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki taslamalaryna garaldy.
Azerbaýjan Türkiýäniň ykdysadyýetine 20 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýdy we başlangyç tapgyrda Pakistanyň ykdysadyýetine 2 milliard ABŞ dollary maýa goýmaga taýýar. Häzirki wagtda anyk maýa goýum taslamalary boýunça işler alnyp barylýar.
Bu döwletler umumy gymmatlyklary paýlaşýan doganlyk üç ýurt. Gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Üç ýurduň ilatynyň umumy sany takmynan 350 million adam, bilelikdäki jemi içerki önüm bolsa 1,5 trillion dollara deňdir. Häzirki wagtda ykdysady gatnaşyklary has hem pugtalandyrmak ugrunda täze ädimler ädilýär.
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Pakistanyň liderleriniň üçtaraplaýyn sammitleri, şeýle-de ministrler derejesindäki duşuşyklar yzygiderli geçirilip duruljakdygy bellenildi.
Hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetli ugurlaryň biri ulag pudagy bolmagynda galýar. Döwletler “Ösüş ýoly”, “Orta geçelge” we “Demirgazyk-Günorta” ýaly geçelgeleriň durmuşa geçirilmegine bilelikde goşant goşarlar.