BIZNES

Azerbaýjan Serbiýa elektrik energiýasyny iberer

Serbiýa Azerbaýjandan amatly şertlerde elektrik energiýasyny satyn almak mümkinçiligine eýe bolýar. Bu barada Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçiň kanselýariýasynyň ýolbaşçysy habar berdi.

Golaýda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar Azerbaýjandan Serbiýa elektrik energiýasyny ibermek meselesi boýunça pikir alyşdylar.

Ilham Aliýew iki ýurduň arasynda elektrik energiýasyny ibermek babatda gol çekilen döwletara ylalaşygynyň tassyklanandygyny mälim etdi.

Taraplar Baku bilen Belgradyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk ugruna uly kanagatlanma bildirdiler.

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç azerbaýjanly kärdeşi Ilham aliýewi özüne amatly wagtda Serbiýa sapara çagyrdy.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär