BIZNES

Azerbaýjan Rumyniýa tebigy gaz iberer

Şu gün Günorta gaz geçelgesiniň konsultatiw geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) bilen Rumyniýanyň “Romgaz S.A” kompaniýasynyň arasynda şertnama gol çekildi. Şol şertnama laýyklykda, 2023-2024-nji ýyllarda Azerbaýjan Rumyniýa 1 milliard kubmetre çenli tebigy gaz iberer.

Bu şertnama SOCAR bilen “Romgaz” kompaniýaysnyň arasynda 2022-nji ýylyň 16-njy dekabrynda gol çekilen resminamanyň dowamy bolup durýar.

– Iki ýurduň arasynda energiýa pudagynda gatnaşyklar üçin hukuk binýadynyň emele gelmegini üpjün edýän resminamalar Azerbaýjanyň gaz eksportynyň geografiýasyny giňelder, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşar- diýlip, SOCAR-yň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Belläp geçsek, şu ýylyň ýanwar aýynda Azerbaýjan Rumyniýa goşmaça möçberde tebigy gaz iberip başlady.

Soňky ýyllarda Azerbaýjan tebigy gaz eksportuny yzygiderli artdyrýar. 2021-nji ýylda bu görkeziji 19 milliard kubmetre deň bolan bolsa, 2022-nji ýylda 22,6 milliard kubmetre barabar boldy, 2023-nji ýylda 24,5 milliard kubmetre ýetiriler.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler