Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa,we Türkiýa Wiza almak üçin resminamalar toplumynyň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Gündelik täleýnamasy bilen işjeň gyzyklanýan okyjylar! Size tutuş 2025-nji ýylyň Dekabr aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.Umuman aýdanyňda, mart amatly aý bolar, ondan aýratyn päsgelçiliklere we kynçylyklara garaşyp oturmaň. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary saklamak we birek-birege goldaw bermek möhümdir. Özüňizde bolup geçýän zatlaryň hemmesine aşa uly baha bermäň. Esasy zat özüňize üns beriň we gowy zatlara garaşyň.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Dekabr aýy Hamallar üçin güýçli öňegidişlikli netijeleri jemlemek, täze taslamalara ýol açmak aýydyr. Bu aýda olaryň ýolbaşçylyk energiýasy güýçli bolar. Şeýle hem başgalary ruhlandyryp özüňizi hem täze derejelere çykaryp bilersiňiz. Işde we karýerada aýyň başyndan başlap sizden ýokary jogapkärçilik talap ediler. Mümkin täze wezipä geçmek ýolbaşçylar bilen möhüm duşuşyklar uly taslamanyň jemlenmegi täze iş tekliplerini alyp bilersiňiz. Maliýe meseleleriňizde girdejileriňiz artar bonus goşmaça töleg, ylalaşygyň üstünlikli tamamlanmagy täze girdejiler gazanmagyňyz mümkin.Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz bu aý ýyly we mähirli bolar.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu aý siz üçin durnukly netijeli sazlaşykly bolar. Ähli meýilnamalaryňyzy tertiplemek ýola goýmak üçin ajaýyp döwür.Işde durmuşda Sowurlar üçin bu ýylyň iň amatly aýlarynyň biridir.Şeýle hem resmi duşuşyklar üstünlikli tamamlanar.Işde hasaplaşyklar dogry berjaý ediler,ýolbaşçylar siziň işiňize ýokary baha bererler.Aýyň 20-sinden soň täze karýera mümkinçilikleri peýda bolup biler.Maliýa meseleleriňizde durnuklylyk goşmaça goýum ýa-da gymmat bahaly zatlary satyn almak peýdaly bolar.Maşgalada öýde ýylylyk aragatnaşyk düşünişmek bolar. Aýyň 10–18 aralygy maşgalaňyza gowy habarlary alyp bilersiňiz.Aýyň ahyrlarynda bolsa psihologiki ýagdaýlara ünüs berip rahatlygy deňagramly saklamak pikirleriňiz jemlemek üçin gowy gün bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu aý siz üçin täzeliklerden doly aýlaryň biri bolar.Jöwzalar üçin bu aý durmuşynyň köp ugurlarynyň üýtgäp başlaýan döwridir.Iş ýeriňizde täze taslamalar,täze tanyşlyklar öňe gidişlikler bolar.Aýyň başynda başlan işleriňiz soňuna çenli üstünlikli dowam eder.Goşmaça girdeji ýa-da täze şertnamalary baglanşyp bilersiňiz. Maşgalada soňky wagtlarda üns bermän galan meseleleriňizi çözmek mümkin.Aýyň ahyrynda ýakynlaryňyz bilen gowy günlere garaşylýar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlar üçin bu aý duýgur jogapkärçilikli döwürdir.Köne işleriň jemlenmegi, täze mümkinçilikleriň açylmagy mümkin.Aýyň ortalarynda möhüm teklipler sizi begendirip biler.Maliýa meselesinde maşgala çykdajylary artar emma girdeji hem durnuklylygyna galar.Ýakynlaryňyz ýa-da dostlaryňyz bilen sazlaşyk güýçlener. Öňden galan dawa-jenjelleriňiz doly çözüler.Aýyň ahyrlarynda duýgurlygyňyz we emosional ýadawlygyňyz artar.Bu döwur size köp pikirlenmekden daşda durup dynç almaklyk maslahat berilýär.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetler üçin bu aý uly üstünlikleriň gülläp ösüşiň we güýçli energiýanyň aýydyr.Iş ýeriňizde uly taslamany üstünlikli tamamlamak täze işe girişmek üçin amatly aýlaryň biridir.Aýyň 12–28 aralygynda karýeraňyzda uly üstünlikler täze başlangyçlar üçin iň güýçli döwür.Maliýa girdejileriňiz artar. Baýramçylyk üçin çykdajylaryňyz köp bolup biler ýöne ähli zat ýerlikli bolar.Maşgalaňyzda ýyly we mähirli günler garaşýar.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Dekabr aýynyň ilkinji günlerinden peýdalanmaga synanyşyň. Bu iş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we çözmek kärdeşler bilen gepleşik geçirmek we şertnamalar baglaşmak üçin amatly wagtdyr. Iş saparlary iň soňky minutda karar berlenleri hem öz içine alar. Sünbüleleriň köpüsi adatdakysyndan has ýygy-ýygydan üns merkezinde bolar we hökman ondan peýdalanmagyň ýoluny tapar. Bu döwür şahsy gatnaşyklar nukdaýnazaryndan amatly bolar. Dostlaryňyz we beýleki ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyk şatlyk getirer. Aýyň ortasy kyn bolar. Garaşylmadyk meseleleriň çözülmegine ünsi jemlemek üçin bu wagt meýilleşdirilen çäreleri yza süýşürmeli bolarsyňyz. Ilki bilen hiç kim size kömek etmez, ýöne tiz wagtdan ýaranlary tapyp bilersiňiz.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu aý deňagramlylygyň dikeldilýän döwri.Täze hyzmatdaşlyklar gepleşikler, döredijilikli işler üstünlik getirer.Aýyň ortalarynda uly taslamanyň açylmagy mümkin.Maşgalada ýakymly ýyly günler, täze meýilnamalar sazlaşyk bolar.Aýyň ahyrlarynda bolsa söýgi döredijilik täze pikirler has güýçlener.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu aý Akraplar üçin güýçlendiriji üstünlik getirýän energiýaly aýlaryň biri bolar. Işde kynçylykly işleri ýeňip üstünlik gazanarlar.Şeýle hem täze iş tekliblerini ýa-da uly üstünliklere ýetip bilerler.Aýyň ortalrynda goşmaça girdeji peýda bolar.Maşgala meselerinde bir az sabyrly bolmalydyrlar.Streslara üns bermäň
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu aý Kawuslar üçin energiýa doly we döredijilikli bolar.Şeýle hem täze başlangyçlar üçin iň amatly aý.Täze zatlary öwrenmek, kursa ýazylmak ýa-da täze ugra geçmek peýda getirer.Aýyň ortalarynda Maliýa girdejileriňizde durnuklylyk peýda bolar.Maşgalada ýakynlaryňyz bilen ýyly gatnaşyklaryňyz size uly üstünlikleri gazandyrar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Aýyň dowamynda birbada köp zatlar hakda pikirlenmeli diňe bir özüňe däl beýleki adamlaryň işlerine-de üns bermeli we beýleki adamlaryň ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykan meseleleri çözmeli bolarsyňyz. Şeýle pursatlarda arkaýynlygyňyzy saklasaňyz, ýalňyşlyk goýbermersiňiz soňundan ökünjek zadyňyzy etmersiňiz. Köp Jediler bu wagt ýyldyzlaryň goldawyny duýarlar.Ýanwar aýy ýakynlaşdygyça has köp täze mümkinçilikler açylar we siz özüňizi has şadyýan we gujurly duýup başlarsyňyz.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Täze pikirler täze mümkinçilikler bolar.Işde karýerada täze taslamalar, işgärler bilen gowy aragatnaşyk, pikirleriňiziň kabul edilmegi üstünlikli bolar. Aýyň ortalarynda täze girdejiler mümkin.Köne dostlaryňyz bilen gaýtadan gatnaşyklaryňyzyň dikeldip bilersiňiz.olar bilen açyk gürleşmek size giň mümkinçilikleri açar.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Bu aý Hutlar üçin sazlaşykly bolar.Işde täze wezipä geçmek, täze meýilnamalar döretmek üçin amatly gün.Geçirilen ähli resmi işler üstünlikli tamamlanar.Maliýa çykdaýjylaryňyzda tygşytly bolmak gerek.Ýakynlaryňyz ýa-da maşgalaňyz bilen mähirli ýakyn gatnaşyklaryňyz güýçlener.Aýyň ahyrynda ruhy dynç almak gerek energiýaňyz peselip biler.
