Gündelik täleýnamasy bilen işjeň gyzyklanýan okyjylar! Size tutuş 2026-ny ýylyň Ýanwar aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Ýanwar aýynyň birinji ýarymy köp mümkinçilikleri açar. Aýyň başynda özüňiziň näme isleýändigiňizi düşünmek kyn bolup biler. Käbir Hamallar öz güýçlerine artyk baha berip, ýerine ýetirilmegi kyn bolan wadalary berip bilerler. Iş we işewürlik bilen baglanyşykly kararlary kabul edende howlukmazlyga çalyşyň.
Bu döwürde siz üýtgeşik, döredijilikli, gyzykly adamlary özüňize çekersiňiz. Olaryň arasynda geljekde işewür hyzmatdaş bolup biljekler hem, ýakyn dostuňyza öwrüljek adamlar hem bolup biler. Şeýle hem romantik gatnaşyklaryň başlanmagy ähtimal, bu gatnaşyklar gysga wagtyň içinde çynlakaý häsiýete eýe bolup biler. Özüňiziň ýüregiňizi diňläň hakyky bagty kimin bilen tapyp boljakdygyny ol size görkezer.
Aýyň ortasy birneme çylşyrymly bolar. Bu döwürde bulaşyklyklardan gaça durmak kyn düşer. Esasan-da maliýe meselelerinde örän seresap boluň: şowsuz maýa goýumlary we gereksiz çykdajylar ähtimal.
Aýyň ahyry köp Hamallar üçin amatly tamamlanar. Professional ýagdaýlaryňyzy pugtalandyrmaga we girdejileriňizi artdyrmaga mümkinçilik berjek täze iş taslamalarynyň başlanmagy ähtimal.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Ýanwar aýynda käbir kynçylyklar ýüze çykyp bilse-de, umumylykda oňyn ugurlar hem agdyklyk eder. Şonuň üçin uzak möhletli meýilnamalary düzmek, iri taslamalara başlamak mümkin. Esasy zat kynçylyklar ýüze çykanda yza çekilmezlik we päsgelçiliklere duş gelende başlan işiňizi taşlamazlykdyr. Maksadyňyza ýetmek üçin ýanwar aýy kömek eder.Aýyň ortalarynda birneme maliýe meseleleriňizi kadalaşdyrmak üçin amatly bolar. Bu durmuşyň ähli ugurlaryna degişlidir. Telekeçilik işi bilen meşgullanýan Sowurlar işini ösdürmek üçin maýa goýup bilerler we aýyň ahyryna çenli bu ädimiň peýdasyny görerler. Beýleki Sowurlar maşgalanyň býujetini artdyrmaga, çykdajylary meýilleşdirmäge, nämede tygşytlamaly, nämede bolsa tygşytlamaly däldigini anyklamaga mümkinçilik alarlar.Şahsy gatnaşyklarda dartgynly pursatlar bolup biler. Esasan-da täze başlanan romantik gatnaşyklarda seresap bolmak zerurdyr: siziň üçin eýýäm ýakymly bolup başlan adam özüni oňyn tarapdan däl ýagdaýda görkezip biler. Uzak wagtlap bile ýaşaýan jübütlerde hem ownuk düşünişmezlikler ýüze çykyp biler, ýöne bu ýagdaýda ylalaşyk gazanmak has aňsat bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Sizi birneme asuda aý garaşýar. Ýanwar aýynda öňde goýan maksatlaryňyza howlukman ýetmek, öňden meýilleşdiren pikirleriňizi durmuşa geçirmek üçin amatlydyr. Köne işewür we şahsy gatnaşyklary berkitmek mümkin bolar. Soňky döwürde dartgynly bolan gatnaşyklarda hem oňyn özgerişlere ýetmek ähtimalygy ýokarydyr.Aýyň ortalarynda girdejiler garaşylandan pes bolup biler, ýöne çykdajylar hem az bolar. Umuman alanyňda, aý örän üstünlikli bolmasa-da, ýakymly geçer.Şeýle hem bu döwürde duýgular dartgynly bolar, bu bolsa pikirsiz hereketlere, aragatnaşyk kynçylyklaryna we saglygyň wagtlaýyn ýaramazlaşmagyna sebäp bolup biler. Bu wagtda özüňize üns beriň, dynç almak, ýakymly işler bilen meşgullanmak üçin wagt tapyň.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Ýanwar aýynyň birinji ýarymy örän işjeň bolar. Köp Seretanlar üçin bu döwür möhüm bolar: olar durmuşynda nämeleri üýtgetmek isleýändigini, ösüşe nämeleriň päsgel berýändigini anyklap başlarlar. Käbirleri derrew hereket ederler, käbirleri bolsa garaşmagy makul bilerler, emma şeýlede bolsa ýagdaýlar her halatda aýgytly ädimleri talap eder.Aýyň ikinji ýarymy uzak möhletli meýilnamalary düzmek, maglumatlary ýygnamak, seljermek, çaklamalar we strategiýalary taýýarlamak üçin amatlydyr.
Aýyň ahyry emosional taýdan biraz kynrak bolar. Iş ýerinde dartgynly pursatlar, kärdeşler ýa-da ýolbaşçylar bilen düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Telekeçi Seretanlar hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryna aýratyn üns bermeli we ýüze çykan meselelerini tiz wagtda çözmäge çalyşmalydyrlar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Size durmuşynyň dürli ugurlarynda giň mümkinçilikleri açýan ýakymly aý garaşýar. Köpden bäri meýilleşdirýän maksatlaryňyzy amala aşyrmak üçin şans dörär. Öň hiç kime aýdylmadyk arzuwlaryňyz hem hasyl bolup biler.Ýanwar aýynyň birinji ýarymynda işler öz-özünden oňyn ilerläre. Maksatlara ýetmek üçin artykmaç güýç sarp etmek ýa-da töwekgelçilik etmek zerur bolmaz. Oňyn ugurlar ähli ugurlarda agdyklyk eder, köp Esetler güýç-kuwwatyň artýandygyny duýarlar. Ýakynlaryňyzyň goldawy özüne ynamsyzlara has ynam berer. Şeýle hem bu döwür saglygy berkitmek, öňüni alyş çärelerini geçirmek we peýdaly endikleri edinmek üçin amatlydyr.Aýyň ikinji ýarymy käbir kynçylyklary getirip biler, ýöne olary ýeňip geçmek aňsat bolar. Işewür gatnaşyklary berkitmek, täze hyzmatdaşlar tapmak we aragatnaşyk gurşawyny giňeltmek mümkin. Goşmaça girdeji çeşmeleri peýda bolup biler, käbir Esetler bolsa hobbisinden peýda gazanyp bilerler. Durmuş ritmi tizlense-de, umumy ýagdaýyňyz gowy bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Ýanwar aýynyň başy çylşyrymly bolup biler, esasan-da işde dartgynlylyk güýçli täsir eder. Işleriňizde gijikmeler, şowsuz kararlar maliýe ýitgilerine getirip biler. Ýakyn adamlaryňyz öz işleri bilen meşgul bolup bilerler, bu bolsa özüňizi ýeke duýmagyňyza sebäp bolar. Şahsy gatnaşyklarda hem kynçylyklar ýüze çykyp biler. Öz bähbidiňiz bilen başgalaryň abadançylygynyň arasynda deňagramlylygy tapmak kyn bolar.
Aýyň ikinji ýarymy ýagdaýyň gowulaşmagyny wada berýär. Üýtgeşmeler haýal bolup biler, ýöne mümkinçilikleriň artýandygyny we ýagdaýy gözegçilikde saklap bilýändigiňizi tiz wagtda duýarsyňyz. Iş öňküsinden has köp güýç talap edip biler, emma ähli meseleleri üstünlikli çözüp bilersiňiz. Şahsy gatnaşyklarda ýylylyk we sazlaşyk artar, düşünişmezliklerden we gizlin nägileliklerden gorkmagyň zerurlygy bolmaz. Aýyň ahyrlarynda ownuk näsazlyklar ýüze çykyp biler. Esasan-da ýürek-damar ulgamy bilen baglanyşykly dowamly keselleri bolan Sünbüleler seresap bolmalydyrlar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Ýanwar aýynyň başy birneme kyn bolup biler. Öň goýberen ýalňyşlyklaryňyzy düzetmek, ünsüň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykan meseleleriňizi çözmek zerur bolar. Ähli işleri yza süýşürmek islegi güýçli bolsa-da, ileri tutulmaly ugurlary kesgitläp, kem-kemden öňe gitmek möhümdir. Hemmesini bir wagtda ýetişdirmek mümkin bolmasa-da, iň möhüm meseleleriňizi saýlap almak ýeterlikdir. Şeýle hem ýakynlaryňyz siziň ünsüňize we goldawyňyza mätäç bolup biljekdigini hem unutmaň.Aýyň ortalarynda oňyn ugurlar tiz wagtda güýçlener we ýagdaýyň gowulaşandygyny duýarsyňyz. Özüňize ideg etmek fiziki we emosional ýagdaýyňyzy saklamak üçin möhümdir. Aýyň ahyry garaşylmadyk pul girdejilerini, iş ugrunda amatly mümkinçilikleri we hünär taýdan ösüşi wada berýär. Işleriňiz garaşanyňyzdan has köp bolup biler emma dynç almaga hem wagt tapmak zerurdyr. Maliýe taýdan bu döwür aýratyn-da öz işini ösdürýän Mizanlar üçin amatly bolar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Ýanwar aýynyň başynda emosional ýagdaý dartgynly bolar, bu bolsa duýgur Akraplaryň saglygyna täsir edip biler. Hatda näsazlyklar bolmasa-da, bu döwürde artykmaç ýüklerden gaça durmak maslahat berilýär. Şeýle hem gödek, negatiw aragatnaşykdan uzak durmaga çalyşyň, sebäbi bu ýagdaý ruhy ýagdaýyňyza ýaramaz täsir edip biler.Aýyň ortalarynda oňyn ugurlar gowşak täsir etse-de, wagtyň geçmegi bilen güýçlener. Şeýle hem işewür teklipleri, hünär taýdan ösüş mümkinçiliklerini getirer. Uly gepleşikler we möhüm satyn almalar üçin amatly döwür bolar.Aýyň ahyry şahsy gatnaşyklar babatda aýratyn oňyn bolar. Siz özüňizi we başgalary has gowy düşünersiňiz. Maşgala çärelerini, bilelikdäki syýahatlary meýilleşdirmek üçin amatly döwürdir. Şeýle hem bu döwür size täze energiýa berer we özüňizi has gowy duýarsyňyz.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Size ylham beriji, şowly aý garaşýar. Käbir Kowuslar üçin durmuşynda täze ugra başlamak mümkinçiligi döreýär. Ýanwar köp meseleleri çözmek üçin amatly, emma ýadyňyzda saklaň: ýyldyzlar diňe sizi hakykatdan gyzyklandyrýan işlerde goldar.Aýyň ikinji ýarymy aragatnaşyk üçin örän amatly bolar. Peýdaly tanyşlyklar, geljekde möhüm rol oýnajak duşuşyklar ähtimal. Şahsy we işewür gatnaşyklarda oňyn üýtgeşmeler bolar. Şeýle hem güýç-kuwwatyň artandygyny duýarsyňyz. Aýyň ikinji ýarymynda iş, biznes we möhüm meseleler esasy orna çykar. Şahsy durmuş birneme ikinji orna geçse-de, bu ugurda hem oňyn ugurlar dowam eder. Uzak syýahatlara çykjak Kowuslar saglygyna aýratyn üns bermelidirler, sebäbi howa we wagt tapawudy ýaramaz täsir edip biler.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Sizi ýeňil bolmadyk aý garaşýar. Ýanwar aýynda geçen ýylyň meseleleri özüni ýatladyp biler, üstesine-de köp maksatlar, gymmatlyklar, ileri tutulmalar üýtgäp biler.Şeýle hem işleriňiz öňküsinden has köp güýç talap eder. Esasy maksat girdejini artdyrmak däl-de, hünär ýagdaýyňyzy berkitmek bolar. Myş-myşlara sebäp bolmazlyk üçin seresap boluň. Siziň takyklygyňyz we jogapkärçiligiňiz peýda berer. Şahsy gatnaşyklarda kynçylyklar bolup biler, sebäbi ýakynlaryňyz siziň içki ýagdaýyňyzy düşünmekde kynçylyk çekerler. Aç-açan bolmak we sabyrly düşündirmek möhümdir.Şeýle hem emosional we fiziki ýükler ýokary bolar, şonuň üçin dynç almak we güýç ýygnamak üçin wagt tapmak örän zerurdyr.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Howlukmaň. Ýanwar aýynda maksatlaryňyzy we meýilnamalaryňyzy anyklamak üçin wagt gerek bolar. Ýakynlaryňyz bilen düşünişmezlikler ýüze çykyp biler, sebäbi hemmeler siziň şübheleriňize we islegleriňize düşünmez. Emma ýagdaýy gowulaşdyrmak siziň eliňizde.Aýyň ortasynda durmuşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgerişler ähtimal. Köp Daluwlar bu döwürde güýç-kuwwatyň artýandygyny we çynlakaý işlere taýyndygyny duýarlar. Bu wagt ünsüňizi esasy maksatlaryňyza gönükdirmek möhümdir. Şahsy gatnaşyklarda aýratyn oňyn ugurlar bolar.Aýyň ahyryna golaý mümkinçilikleriňiz has-da artar. Gyzykly, döredijilikli adamlar daş-töweregiňizde bolar, olar size täze pikirler berer ýa-da öň şübhe döredýän taslamalaryňyzy goldarlar.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Ýanwar aýy üýtgeşmeleri getirer, başda olar garaşylandan has güýçli bolup biler. Esasan-da işewür we şahsy gatnaşyklarda bu ýagdaý has aýdyň duýlar. Öň goldaw beren adamlar bilen dartgynly çekişmeler, köne öýkeler gaýtadan ýüze çykyp biler. Eger öňden iş ýeriňizi ýa-da hünär ugruňyzy üýtgetmek barada pikir eden bolsaňyz, bu aý amatlydyr. Başlangyç görkezmek, öňki hyzmatdaşlar bilen täzeden aragatnaşyk gurmak mümkin. Şeýle hem käbir Hutlar täze usullary öwrenip, girdejilerini birneme artdyryp bilerler.
Aýyň ortalarynda fiziki iş bilen meşgullanýanlar ýa-da sport bilen aktiw türgenleşýänler aýratyn seresap bolmalydyrlar.
