TEHNOLOGIÝA

Awtoulag pudagyna 23 milliard ýewrolyk maýa goýum

“Nissan”, “Renault” we “Mitsubishi” awtoulag kompaniýalary öňümizdäki 5 ýyl üçin 23 milliard ýewro möçberinde maýa goýumlary özleşdirmegi maksat edinýär. Bu maýa goýumlaryň hasabyna 2030-njy ýylda elektrikli ulaglaryň 35sany täze görnüşini öndürmek maksat edinilýär. Bu barada fransuz-ýapon awtoulag alýansynyň ýolbaşçysy Žan-Dominik Senar habar berdi.

– Biz elektrikli ulaglar üçin akkumulýatorlaryň önümçiligi üçin tehnologiýany işläp düzmek meýilnamasy boýunça ylalaşdyk. 2030-njy ýylda 35 sany täze ulag görnüşini öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu hem Fransiýada, Beýik Britaniýa we Ýaponiýa ýaly döwletlerde “Renault” we “Nissan” üçin akkumulýator üpjünçiligine mümkinçilik döreder. Umuman, elektrik we elektron arhitekturasy babatda umumy görüşi kesgitledik – diýip, Žan-Dominik Senar gürrüň berdi.

Täze maýa goýumlar bilen akkumulýatorlar ýasalanda olaryň bahasynyň ep-esli arzan bolmagy, akkumulýatorlaryň göwrümi we zarýad alyş tizligini ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ulaglarda emeli aň babatda täzeçil işläp düzmeler ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

 

Dünýäde 10 milliard dozadan gowrak sanjym edildi

Ýene-de okaň

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi

Tbiliside bahasy 1,25 mlrd dollar bolan täze howa menzili gurlar

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň sanly Konsepsiýa-2028: emeli aň ykdysadyýeti, 5G, TransHazar kabel geçirijisi

Ata Watan Eserleri